APL-de beýni sarsmasy güman edilen oýunçyny goşmaça çalyşmak düzgüni ýola goýlar

  • 31.01.2021 16:20
  • 7.4k+

23-nji tapgyrdan başlap, Premýer-ligada futbolçylaryň birinde beýni sarsmasy güman edilen halatynda, goşmaça oýunçy çalşygyny amala aşyrmaga rugsat berler. Bu barada metaratings.ru habar berdi.

Bu düzgüniň kömegi bilen eýýäm üç çalşygy hem ulanan we klubuň lukmanlary tarapyndan bir oýunçyda beýni sarsmasy güman edilen ähli toparlar ýene bir çalşygy amala aşyrmaga mümkinçilik alarlar.
Toparlaryň birinde şeýle goşmaça çalşyk amala aşyrylan halatynda, garşydaş topara hem bir goşmaça çalşygy ulanmak artykmaçlygynyň beriljekdigi bellenilýär. Ýöne beýle çalşyk diňe iki oýunça çenli rugsat berler.
Düzgün ýola goýulsa, Angliýanyň Premýer-ligasy şeýle karara gelen dünýäde ilkinji liga bolar. Şuňa meňzeş düzgün bäşinji tapgyrdan başlap, Angliýanyň kubogynyň oýunlarynda hem güýje girer diýip, çeşme belleýär.

şu gün 10:10
2.3k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

düýn 14:40
1.3k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

düýn 09:59
5.9k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.2k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....