“Billboard Music Awards-2021” baýraklary maý aýynda gowşurylar

  • 28.01.2021 20:03
  • 2.3k+

“Billboard Music Awards-2021” aýdym-saz baýraklarynyň gowşuryljak senesi yglan edildi. Naýbaşy aýdym-saz çäresi bu ýyl 23-nji maýda geçiriler diýip, çäräniň guramaçylyk komiteti 25-nji ýanwarda mälim etdi. Bu barada csn-tv.ru habar berdi.

Gowşurylyş dabarasynyň geçiriljek ýeri we baýraga dalaşgärleriň sanawy biraz soň yglan ediler. Şeýle hem 2020-nji we 2021-nji ýyldaky gowşurylyş dabaralarynyň arasy bary-ýogy ýedi aý bolar diýlip bellenildi, sebäbi iň soňky baýrak gowşurylyşy 14-nji oktýabrda geçirilipdi. Geçen ýylky dabara, aslynda, 29-njy aprelde meýilleşdirilipdi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli has yza süýşürilmeli boldy.
Baýraklaryň gowşurylyşynyň "NBC" teleýaýlymynda göni efirde görkeziljekdigi mälim edildi. Ýeri gelende bellesek, "Billboard Music Awards" baýraklary aýdym-saz sungatyndaky ajaýyp üstünlikleri üçin “Billboard” amerikan aýdym-saz neşiri tarapyndan gowşurylýar. Bu çäre ilkinji gezek 1990-njy ýylda geçirilipdi.

12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....