BSGG: Dünýäde COVID-19-a garşy sanjymlara deň elýeterlilik howp astynda

  • 28.01.2021 10:37
  • 19k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesus koronawirusa garşy derman serişdesine deň elýeterlilik howp astynda diýip hasaplaýar, sebäbi sanjym häzirki wagtda az sanly ýurtlarda, ilkinji nobatda, baý ýurtlarda geçirilýär. Çünki, adam başyna düşýän girdejisi pes bolan döwletlerde sanjym işine başlamaga mümkinçilik ýok diýip, ol çarşenbe güni Strasburgda geçirilen Ýewropa Geňeşiniň Parlament assambleýasynyň gyşky sessiýasynda tele-aragatnaşyk boýunça eden çykyşynda aýtdy. Bu barada TASS habar berýär.

“Ilkinji sanjymlar başlansa-da, sanjymlary deň elýeterli etmek wadasy howp astyndadyr. Sanjymlar baý ýurtlarda adamlara umyt berýän hem bolsa, häzirki wagtda biz dünýäniň köp böleginiň yzda galyp biljekdigi sebäpli, hakyky howp bilen ýüzbe-ýüz bolýarys” – diýip, BSGG-niň ýolbaşçysy aýtdy.

Gebreýesusyň aýtmagyna görä, “käbir döwletler we kompaniýalar [sanjymlara elýeterliligiň halkara mehanizminden] COVAX-dan geçip, iki taraplaýyn şertnama baglaşýarlar we bahalary ýokarlandyryp, nobatda öňde durmaga synanyşýarlar”. Ol COVID-19-a garşy immunizasiýanyň häzir 50 ýurtda geçirilýändigini, olaryň tas ählisiniň baý döwletlerdigini belledi. Şol bir wagtyň özünde, BSGG-niň baş müdiri sanjymlaryň 75%-iniň diňe 10 ýurtda jemlenendigini aýtdy.
Gebreýesus sanjyma “Ilkinji nobatda – men” ýörelgesi boýunça çemeleşmegiň garyp we ejiz adamlary howp astyna salýandygyny we şeýle hereketiň “diňe pandemiýany uzaltjakdygyny”, ony ýeňip geçmek üçin “sanjym bilen paýlaşmalydygyny” belledi.
Gebreýesus hökümetleri, farmasewtik kompaniýalary we tutuş dünýä jemgyýetçiligini dünýäde “sanjym deňligini” üpjün etmek üçin çäre görmäge çagyrdy.
Belläp geçsek, BSGG 190 ýurdy we ykdysadyýeti öz içine alýan COVAX halkara mehanizmine uly ähmiýet berýär. Meýilnamalara laýyklykda, mehanizmiň çäginde 2021-nji ýylyň ahyryna çenli 2 mlrd doza sanjym öndürilmeli we bütin dünýäde deň paýlanmaly.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....