Adalat ministrine «Türkmenistanyň at gazanan ýuristi» diýen hormatly at dakyldy

  • 27.01.2021 23:53
  • 15k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün Serhet institutynda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň adalat ministri, ýustisiýanyň geňeşçisi Begmyrat Muhammedowa «Türkmenistanyň at gazanan ýuristi» diýen hormatly at dakyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Begmyrat Muhammedowa möhletinden öň ýustisiýanyň uly geňeşçisi hünär derejesi berildi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň başlygy maýor Maksat Hudaýgulyýewe podpolkownik harby ady dakyldy.
Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

düýn 17:31
6.1k+

Win Dizel: Kriştianu Ronaldu üçin “Forsaž” kinofranşizasynda rol döredildi

Golliwudyň aktýory Win Dizel meşhur "Forsaž" kinofranşizasynda portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu üçin rol döredilendigini mälim etdi. Filmiň baş gahrymany Dominik Torettonyň roly bilen tanalýan aktýor, bäş gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi bolan futbolçy bilen bile düşen suratyny paýlaşdy...

düýn 16:57
822

"Superdoganlar Mario" filminiň dowamynyň täze tizeri çykdy

Illumination we Universal Pictures kino kompaniýalary meşhur "Superdoganlar Mario. Film" filminiň dowamy bolan "The Super Mario Galaxy Movie" atly animasion filmiň täze tizerini hödürlediler. Wideoda Mario bilen Luijiniň franşizanyň esasy garşydaşy bolan Bouzeriň ogly Bouzer-kiçi bilen arasyndaky söweş görkezilýär...

düýn 16:48
1.7k+

DC Milli Elkogyň baş rolda oýnamagynda "Supergyzyň" ilkinji treýlerini görkezdi

Warner Bros. we DC Studios 2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda görkezilmegi meýilleşdirilýän "Supergyzyň" ("Supergirl") ilkinji treýlerini tanyşdyrdy. Film Tom Kingiň "Supergyz: Ertirki günüň zenany" atly komiksy esasynda düşürilýär...

düýn 16:39
1.2k+

Android-de ýagdaýy çalt seljermek üçin dessin gulluklar bilen wideojaň mümkinçiligi giriziler

Google kompaniýasy Android Emergency Live Video funksiýasyny yglan etdi. Bu funksiýa Android smartfonlarynyň eýelerine öz enjamlarynyň kamerasyndan dessin kömek gulluklarynyň dispetçerlerine göni wideony ýaýratmaga mümkinçilik berýär...