Samsung-yň ýolbaşçysy korrupsiýa üçin 2,5 ýyl azatlykdan mahrum edildi

  • 19.01.2021 17:02
  • 38k+

Günorta Koreýada kazyýet Samsung Group işiniň ýolbaşçysy we mirasdüşeri Li Çže Ýony 2,5 ýyl azatlykdan mahrum etdi diýip, TASS habar berýär. 

Milliarder kompaniýada strategiki kararlary kabul etmekden we Li Gon Hiniň ölüminden soň başlanan miras almak prosesine gözegçilik etmekden çetleşdiriler. 
Li Çže Ýon Samsung Group-yň üstünden gözegçiligi ele almak üçin hökümetden kömek almak maksady bilen Günorta Koreýanyň öňki prezidenti Pak Kyn Heniň hyzmatdaşy Çhwe Sun Sile para bermekde aýyplandy we 2017-nji ýylda ol bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ýöne Li şikaýat etdi we şondan soň möhletinden öň boşadyldy. 
2019-njy ýylda Koreýanyň Ýokary kazyýeti nobatdaky diňlenişikde Li 8,6 milliard won möçberde (8 million dollar töweregi) para berdi diýen netijä gelip, bu meselä tazeden garamagy tabşyrdy.
Duşenbe güni Seulyň Ýokary kazyýeti işiň ähli ýagdaýlaryny täzeden gözden geçirdi we Li, hakykatdanam, korrupsiýa işlerine gatnaşdy diýen netijä geldi.
Li Çže Ýon geçen ýylyň oktýabr aýynda 78 ýaşynda aradan çykan Samsung konserniň başlygy Li Gon Hiniň ogly we kompaniýany esaslandyryjy Li Býon Çholyň agtygydyr.

29.05.2026 23:56
5k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
9.7k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.6k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

23.05.2026 15:57
7.6k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....