“Apple” iMac-yň dizaýnyny 2012-nji ýyldan bäri ilkinji gezek täzelär

  • 19.01.2021 07:29
  • 7.4k+

Amerikanyň “Apple” kompaniýasy stolüsti "iMac all-in-one" kompýuterini 2012-nji ýyldan bäri ilkinji gezek  döwrebaplaşdyrmakçy bolýar. Bu barada “Bloomberg”-e  salgylanyp, live24.ru habar berýär.

Žurnalistleriň bellemegine görä, "kupertinolylar" Intel prosessorlaryndan markaly çiplere geçmegiň çäginde täzelenme amala aşyrar. Täze modellerde, hususan-da, ekranyň töweregindäki goýy gara araçäkler azaldylar we olaryň dizaýny “Apple Pro Display XDR”-e meňzär. iMac-yň indiki nesliniň arkasy tekiz bolar.
“Apple” häzirki 21.5 dýuým we 27 dýuým modelleriň ornuny tutmak üçin J456 we J457 kodly kompýuterleriň iki wersiýasyny bazara çykarmagy meýilleşdirýär. Munuň 2021-nji ýylyň ahyrynda bolmagy mümkin diýip çaklanylýar.
Täze modeller indiki nesliň “Apple Mac” prosessorlary bilen üpjün ediler.

düýn 23:03
965

Bloomberg: Apple suratlary redaktirlemek üçin täze emeli aň funksiýalaryny taýýarlaýar

Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac enjamlary üçin emeli aň arkaly täze surat redaktirleýiş funksiýalaryny ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Bu barada Bloomberg çeşmelerine salgylanyp habar berýär. ...

düýn 18:34
2.4k+

Microsoft «Fairwater» atly dünýäniň iň uly maglumat merkezini işe girizdi

Microsoft kompaniýasy Wiskonsin ştatynda (ABŞ) ýörite emeli aň üçin niýetlenen, dünýädäki iň uly «Fairwater» maglumat merkeziniň möhletinden öň ulanmaga berlendigini mälim etdi....

düýn 12:05
647

Apple emeli aň üçin özüniň «Baltra» prosessoryny taýýarlaýar

Apple kompaniýasy emeli aň meseleleri üçin niýetlenen, «Baltra» kod ady bilen tanalýan özüniň hususy serwer prosessoryny döretmegiň üstünde işleýär....

28.04.2026 14:34
4.3k+

Apple gyralary egreldilen iPhone taýýarlaýar

Apple korporasiýasy gyralary biraz egreldilen innowasion ekranly smartfony tanyşdyrmagy meýilleşdirýär....