"Oskar" baýragyny almak ähtimallygy uly bolan  10 filmiň sanawy düzüldi

  • 19.01.2021 06:46
  • 10k+

Global pandemiýanyň netijesinde bütin kino pudagyna täsir eden 2020-nji ýyldan soň "Oskar" baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy kinoçylaryň arasynda iň köp garaşylýan waka öwrüldi. 2021-nji ýylda bu çäräniň 25-nji aprelde meýilleşdirilendigi we dalaşgärleriň sanawynyň diňe mart aýynyň ortalarynda elýeterli boljakdygy mälim edildi. Bu barada Sputnik habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Sputnik gullugy "Oskar" baýragyny almak ähtimallygy uly bolan 10 sany filmiň sanawyny düzdi:
1. Çarwalaryň ýurdy
2. Mank
3. Maýamide bir gije
4. Çikagoly ýedileriň derňewi
5. Minari
6. Zenan fragmentleri
7. Kaka
8. Dünýäniň dürli künjeklerinden habarlar
9. Ganybir bäşler
10. Ammonit
"Çarwalaryň mekany" filminde öýüni ýitiren we tirkegde sergezdançylyk etmäge mejbur bolan aýalyň durmuşy barada beýan edilýär. Filmde baş keşbi Oskar baýragynyň eýesi Frensis MakDormand ýerine ýetirýär.
Dewid Finçeriň "Mank" filmi Golliwudyň ssenariýaçysy barada gürrüň berýär. Onda baş keşpleri Gary Oldman we Amanda Seýfred ýerine ýetirdi. Filmiň ssenariýasy režissýoryň merhum kakasy Jek tarapyndan ýazyldy.
"Maýamide bir gije" filmindäki wakalar 1964-nji ýylda bolup geçýär. Filmde baş gahryman boks boýunça dünýä çempiony diýen ada eýe bolýar. Hemmeler ýeňşi belleýärkä, jyns taýdan bölünişik sebäpli onuň özi gijäni dostlary bilen myhmanhanada geçirmeli bolýar.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
513

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......