Geljekde haýsy şäherlerde uly innowasiýa üstünlikleri bolup biler?

  • 17.01.2021 23:43
  • 10k+

Şanhaýyň Shanghai Institute of Science instituty Ýewropanyň akademiki neşirýat kärhanasy Springer Nature bilen bilelikde geljekde uly tehnologiki üstünlikleriň bolup biläýjek 10 şäherini belli etdiler. Bu barada if24.ru belläp geçýär.

Reýting dünýäniň iň uly 20 şäherinde işleýän 700 alymdan onlaýn pikir soraşmanyň esasynda düzüldi. Ylmy işgärlerden 2035-nji ýyla çenli tehnologiýada uly üstünlikleriň geljegi barada soraldy.

“Derňew uly şäherleriň global ylmy innowasiýalarda ähmiýetini görkezmäge we ylym, tehnika we zehin ösüşiniň umumy ýagdaýyny görkezmäge gönükdirilendir” – diýip, Şanhaý institutynyň müdiri Şi Sýan belleýär.

Ilkinji üç orny Hytaýyň şäherleri eýeledi. Ýagny:
Birinji orunda – Pekin. Pikir soraşmanyň dowamynda alymlaryň 13,6 göterimi dünýäde tehnologiki üstünlikler, ilkinji nobatda, bu şäherde, aýratynam, fizika, inžener tehnologiýasy we daşky gurşaw ylymlary (ekologiýa) ugurlarynda bolar diýip hasaplaýar.
Ikinji orunda – Şanhaý (11,65% ses). Alymlar himiýany, lukmançylyk innowasiýalaryny, beýni ylmyny we gen inženeriýasyny bu şäherde üstünlik gazanmak üçin güýçli ugurlar diýip atlandyrdylar.
Üçünji orunda – Şençžen (11,08% ses). Şençžen şäheriniň bäsdeşlik artykmaçlyklary emeli intellekt, 6G aragatnaşygy we “akylly şäher” konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegidir.
Şäherleriň sanawy şeýle dowam edýär: San-Fransisko (ABŞ), Boston (ABŞ), Nýu-Ýork (ABŞ), Tokio (Ýaponiýa), Singapur, London (Beýik Britaniýa), Los-Anjeles (ABŞ).
Şeýlelik bilen, geljegi uly şäherleriň 50%-i Günorta-Gündogar Aziýada, 40%-i ABŞ-da we 10%-i Ýewropada ýerleşýär.

şu gün 10:53
1.4k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
3.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:53
4.5k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

düýn 23:37
3.9k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......