“Barselonanyň” prezident saýlawlary koronawirus sebäpli yza süýşürildi

  • 16.01.2021 13:58
  • 4.2k+

Ilkibaşda 24-nji ýanwara meýilleşdirilen “Barselonanyň” prezident saýlawlary näbelli möhlete yza süýşürildi diýip, “Barselonanyň” resmi saýty habar berýär. Bu barada sport-express.ru belläp geçýär.

Anna güni Kataloniýanyň hökümeti “Barselonanyň” ýolbaşçylygy bilen onlaýn duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda sebit häkimiýetleri häzirki epidemiologiki ýagdaýyň öz şäher häkimiýetinde saýlaw uçastogy bolmadyk klub agzalaryna häkimligiň çäginden çykmaga ýol bermeýändigini aýtdylar.
Klub hem öz gezeginde Kataloniýanyň hökümeti tarapyndan girizilen hereket çäklendirmeleri sebäpli, bellenilen senede saýlaw geçirmegiň mümkin däldigini mälim etdi.
Şol bir wagtyň özünde klub täze saýlaw güni poçta arkaly ses berip bolar ýaly sport kanunçylygyny üýtgetmegiň mümkinçiligine baha bermek haýyşy bilen Kataloniýanyň hökümetine ýüz tutdy. Hökümet bu meselä seretmegi wada berdi.
Saýlawlara gatnaşmak üçin üç dalaşgär hasaba alyndy: Žoan Laporta, Wiktor Font we Toni Freýşa. Olar 12-nji ýanwarda zerur mukdarda gol berip bildiler, 14-nji ýanwarda dalaşgärler hökmünde resmi taýdan tassyklanyldy. Emili Russo hem zerur gol sanyny ýygnady, ýöne ol öz kandidaturasyny yzyna aldy.

düýn 14:53
6.6k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....