Türkmenistana sowuk howa akymy aralaşýar

  • 16.01.2021 16:04
  • 57k+

Gysga wagtlyk maýlamadan soň, eýýäm indiki hepdeden başlap, Türkmenistana ýene-de sowuk howa aralaşar. Howanyň durnuksyzlygy Ortaýer deňziniň we Günorta Hazaryň yssy we gurak günleri getiren siklonlarynyň täsiri bilen baglanyşyklydyr.

Geljek hepde Russiýanyň Ýewropa böleginiň we Günbatar Gazagystanyň günortasyndan hereket edýän sowuk antisiklon Türkmenistanyň çägine aralaşar, netijede temperatura ep-esli pese düşer.
20-nji ýanwardan howanyň birden sowap başlamagyna garaşylýar. 21-nji ýanwar gijesinde howanyň temperaturasynyň paýtagt sebitinde noldan 5 dereje aşak düşmegine garaşylýar. Günüň dowamynda ygalyň, garyň ýagmagyna garaşylýar.
Howanyň temperaturasynyň peselmegi Türkmenistanyň çäginde iki hepde töweregi dowam eder. Käbir sebitlerde termometr Selsiýa boýunça -15 gradusa düşer.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aýazly günlerde wirusdan we sowuklama kesellerinden goranmak üçin howa laýyk geýinmegi maslahat berýär.
Gyşda adam bedenine goşmaça energiýa gerek bolýar. Şonuň üçin öýden çykmazdan ozal gowy ertirlik edinmeli, çünki aç adam has çalt üşeýär. Şeýle hem has köp gyzgynjak suwuklyk: çaý, şol sanda, dürli dermanlyk otlardan ýasalan çaýlary, süýt we suw kabul etmek maslahat berilýär.

düýn 14:55
1.6k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......