Hytaýda tizligi sagatda 620 kilometre ýetýän otly synagdan geçirilýär

  • 15.01.2021 19:37
  • 13k+

Hytaýda sagatda 620 kilometre çenli bat alyp bilýän otly peýda boldy. 13-nji ýanwarda ýokary tizlikli magnit göteriji otlynyň nusgasy konweýerden çykdy. Bu barada maglumatlary paýtagt KHBS-i ýaýradýar diýip, bryansktoday.ru belläp geçýär.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, şeýle tizlik demir ýol ulaglary üçin rekorddyr. Onuň synaglary günorta-günbatar Çendu şäherinde geçiriler. Häzirlikçe diňe lokomotiw hödürlenildi, wagonlar heniz oňa birikdirilmedi. Onuň ultra ýeňil uglerod süýümli korpusy bar.
Bu otlular Hyperloop ulgamyna meňzeş edildi. Otlynyň ajaýyp dizaýnynyň bardygy hem bellenilýär. Örän ýokary tizlikli otlular ýörite tuneller boýunça hereket eder diýlip meýilleşdirilýär.
Taslamanyň bahasy 9 mln dollardan geçýär, ony “Szýaotun” uniwersiteti bilen Hytaýyň demir ýol ulaglaryny öndüriji CRRC Corporation Limited korporasiýasynyň operatory iş ýüzüne geçirdi.

şu gün 00:17
679

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
884

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.7k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......