“Akina — Andhoý” demir ýol liniýasy işe girizildi

  • 15.01.2021 11:09
  • 12k+

14-nji ýanwarda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýoly açyldy. Dabara teleköpri arkaly  Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň döwlet Baştutanlary gatnaşdy. Muny Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

«Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow we Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň ýolbaşçysy Mohammad Ýamma Şams dabara gatnaşyjylara gurluşyk işleri barada aýdyp berdiler.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Akina-Andhoý demir ýolunyň işe girizilmegine ak patalaryny berdiler.    
Bu demir ýol şahamçasynyň açylyşy Türkmenistanyň eksport önümleri ýüklenen 20 wagondan ybarat demir ýol düzümiň Akina bekedinden Andhoý şäherine tarap ugradylmagy bilen dabaralandyryldy. 
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda Akina-Andhoý demir ýoluny gurmak barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň 2019-njy ýylyň fewralynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilendigini hem bellemek zerurdyr.

düýn 19:47
528

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

düýn 19:30
1.4k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......