BSGG-niň hünärmenleri koronawirusyň dörän ýerine geldi

  • 14.01.2021 20:11
  • 19k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hünärmenleri koronawirusyň gelip çykyşyny derňemek üçin Hytaýyň Uhan şäherine geldiler diýip, CGTN teleýaýlymy habar berýär. Muny rbc.ru ýetirýär.

Işe girişmezden ozal, derňew topary iki hepdelik karantine ýerleşdirildi. Toparyň düzüminde Ýaponiýanyň, Russiýanyň, Kataryň, ABŞ-nyň, Germaniýanyň we beýleki ýurtlaryň hünärmenleri bar. Uhana gitmezden öň, topar hytaý kärdeşleri bilen yzygiderli onlaýn duşuşyklary geçirdiler.
Belläp geçsek, BSGG-niň wekilleri Uhan şäherinde epidemiýanyň sebäplerini we pandemiýa başlany bäri COVID-19-yň geçiş ýollaryny anyklamagyň zerurlygyny habar berdiler. Olaryň pikiriçe, ylmy missiýa koronawirusyň gelip çykyşyna düşünmekde “öňe tarap ädim ätmäge” mümkinçilik berer.
Geçen tomus esasy missiýany taýýarlamak maksady bilen HHR-e iki hünärmen geldi. Bu iş saparynyň netijesinde guramanyň we Hytaýyň hünärmenleri tarapyndan “BSGG-niň ýolbaşçylygyndaky halkara toparyň derňewleri we iş maksatnamalary barada” resminama işlenilip düzüldi.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....