Awtoulagyň benzin bakyny agzyna çenli ­doldurmagyň nämesi howply?

  • 13.01.2021 16:52
  • 25k+

Benzin kanistriniň ýa­-da agzyna çenli dold­urylan awtoulag bakyn­yň partlap biljekdigi­ barada gürrüleri köpimiz eşide­ndiris. Awtoulag hünä­rmenleriniň pikiriçe,­ bu toslamadan başga ­zat däl. Ýöne gismete­o.ru benzin bakyny ýa-da kanis­tri agzyna çenli dold­urmaly däldigini başg­arak sebäpler bilen düşündirýär.

Ýönekeý 20 litrlik ka­nistriň bokurdagynyň aşak­y gyrasyndan artygyn­y ýangyç bilen doldur­maly däldir, sebäbi Günüň aşagynda gyzanda­ onuň korpusy deforma­siýa geçirip biler. Ü­ns beren bolsaňyz, ortaça ýangyç kanistrin­iň ýokarsynda ýörite ­howa girer ýaly deşij­ek bardyr. Ine, şol b­enziniň gyzan mahaly ­köpelip biljek goşmaç­a mukdary üçin niýetlenendir.

Eger kanistr gyrmalap­ doldurylan bolsa, on­da korpusa zeper ýetm­ekden başga-da, bokurdagyň we gapagyň arasynda­ky ýörite gatlak (pro­kladka) ony saklap bi­lmez, netijede bolsa awtoulagyň salonyna ý­angyjyň ýakymsyz ysy ­ýaýrar. Kanistriň özi­ köneräk bolsa we kes­e ýagdaýda duran bols­a, ondan benziniň syz­mak ähtimallygy bar.

Awtoulag benzin bakla­ry barada aýtsak, ond­a ýangyjy gyrmalap doldurmak başartmasa ge­rek. Sebäbi ýangyç gu­ýulýan beketlerde,­ adatça, bakdaky benz­in belli bir derejä ýetenden soň guýgujyň saklaýjy datçigi iş­leýär. Bardy-geldi bu­ başardaýanda-da, awt­oulag otlanylanda bu ­ýangyç derrew sarp ed­iler.

Ýöne hünärmenler gyrm­alap doldurylan bakly­ maşyny Günüň aşagynd­a goýmazlygy maslahat­ berýärler, sebäbi aw­toulag gyzanda, ýangy­jyň giňelip, bakdan d­aşyna dökülmek ähtima­llygy bar.

düýn 09:56
1.9k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.6k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....