2020-nji ýylda dünýäde kompýuter satuwy soňky 10 ýylda iň çalt depgine eýe boldy

  • 12.01.2021 23:06
  • 4k+

2020-nji ýylda kompýuter satuwynyň ösüşi soňky on ýylda iň çalt depgine eýe boldy. Muny COVID-19 pandemiýasy wagtynda mobil enjamlardan kompýutere geçiş tendensiýasyny görkezýän pudak maglumatlary tassyklaýar. Bu barada interfax.ru habar berýär.

"Kompýutere bolan isleg onuň satuwyny ýokarlandyrýar we ähli zat ösüşiň dowam etjekdigini görkezýär" -diýip, "International Data Corp." (IDC) kompaniýasynyň Worldwide Mobile Device Trackers programmasynyň wise-prezidenti Raýan Reýt mälim etdi.

IDC-niň maglumatyna görä, geçen ýyl 302,6 million kompýuter satyldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 13% köpdür.

"Biz şeýle ösüşe soňky gezek 2010-njy ýylda şaýat bolduk - 13,7%. Soňky on ýylda köp zat üýtgedi, şol sanda kompýuter bazary pese gaçdy" diýip, IDC belleýär.

Gartner 2020-nji ýylda dünýäde kompýuter satuwynyň 275 milliona barabar bolup, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 4,8% ýokarydygyny çaklaýar we onuň pikiriçe, munuň özi soňky 10 ýylda iň ýokary görkezijidir.
 

düýn 23:22
340

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......