2020-nji ýylyň iň oňat ylmy-fantastik filmleriniň sanawy çap edildi

  • 09.01.2021 23:55
  • 8.2k+

Hünärmenler geçen ýylyň iň naýbaşy ylmy-fantastiki filmleriniň reýtingini düzdüler. Bu barada sm.news habar berdi.

Sanawda Kristofer Nolanyň "Tenet" filmi birinjiligi eýeledi. Filmiň ajaýyp saundtregi, örän owadan ýörite effektleri, adaty bolmadyk teksturalary tomaşaçylaryň we tankytçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Filmde esasy keşbi Robert Pattinson janlandyrýar.
Ikinji orunda "Görünmeýän adam" filmi ýerleşdi. Reýtingiň awtorlary G.Uellsiň romanynyň täze ekranlaşdyrylyşy görünmezlik düşünjesine täzeçe garaýşy oýardy diýip hasaplaýarlar. “Rotten Tomatoes” portalynyň hünärmenleri bu filmiň baş gahrymanynyň ussatlygyna ýokary baha berýärler.
Sanawda üçünji setirde Win Dizeliň anti gahrymanyň keşbini janlandyran “Bloodshot” trilleri orun aldy. Filmde RST korporasiýasynyň synaglaryndan soň ýeňip bolmajak güýje eýe bolan baş gahrymanyň ahwaly we ar alyş teşneligi meşhur Jon Uikiňkä çalym edip gidýär. Filmde oýlanyşykly dialoglar we üýtgeşik sýužet ýok hem bolsa, aýratyn effektler we ýokary operatorlyk işi tomaşaçylaryň islegini kanagatlandyrmak üçin ýeterlik diýlip bellenilýär.

şu gün 09:33
0

Gazagystanda harby gulluga çagyryş sanly görnüşe geçýär

Gazagystanda 2026-njy ýylyň 4-nji iýulyndan başlap, işleri sanly görnüşe geçirmegi göz öňünde tutýan harby gulluga çagyryşy guramagyň we geçirmegiň täzelenen düzgünleri güýje girýär....

şu gün 08:49
172

BMG 2027–2036-njy ýyllary Parahatçylygy pugtalandyrmagyň halkara onýyllygy diýip yglan etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Täjigistanyň başlangyjy bilen hödürlenen rezolýusiýany kabul etdi. Bu resminama laýyklykda, 2027-nji ýyldan 2036-njy ýyla çenli bolan döwür geljekki nesilleriň hatyrasyna......

düýn 23:54
1.9k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
2k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......