Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemek boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemek boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlar hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berer.
Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi.