Nurmagomedowa bir söweş üçin 100 million dollarlyk teklip edildi

  • 09.01.2021 10:03
  • 36k+

UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedowyň menejeri Ali Abdel-Aziz dagystanly pälwana gelen iň täsin teklip barada amerikan metbugatyna gürrüň berdi. Onuň bellemegine görä, Nurmagomedowa bir söweş üçin 100 million dollar teklip edildi diýip, bookmakers-rank.ru habar berýär.

Ali Abdel-Aziz Habib bilen ýeňilmezek amerikaly boksçy Floýd Maýwezeriň arasynda boks tutluşygy barada gepleşikleri geçirendigini aýtdy.

“Bize bir söweş üçin 100 million dollar teklip edildi. UFC-niň başlygy Dana Uaýt hem, hemmeler hem razydy. Emma teklipden biz ýüz öwürdik"-diýip, menejer belledi.

“Bilýäňizmi näme, Nurmagomedow MMA-nyň söweşijisi. Eger-de Maýwezer MMA-a geçmek islese, Habib ony höwes "ýerinde oturdar" - diýip, Abdel-Aziz Habibiň kararyny düşündirdi.

Habib Nurmagomedow MMA-da 29 söweş geçirdi we 29 ýeňiş gazandy. Floýd Maýwezer hem ringe 50 gezek çykyp, 50 professional boks söweşinde ýeňiji boldy.

düýn 21:24
7.9k+

UFC 323: Ýan Dwalişwiliden ar aldy, Pantoža şikes zerarly guşagyny ýitirdi

Şu gün Las-Wegasda (ABŞ) şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçirildi. Esasy söweşde russiýaly söweşiji Pýotr Ýan (20-5) gruziýaly Merab Dwalişwiliden (21-5) üstün çykyp, has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) UFC-niň çempiony titulyny gazandy...

düýn 11:59
3.4k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

düýn 11:48
2.1k+

Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy

Hindistandan Sarwagýa Singh Kuşwaha üç ýaşynda öz adyny küşt dünýäsiniň taryhyna ýazmagy başardy. Bu ýaş wunderkind Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi reýtingine giren dünýäde iň ýaş oýunçy boldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

düýn 11:45
4.3k+

Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider

“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi. Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar...