Tramp prezidentlik möhleti gutarýança "Facebook" -dan mahrum edildi

  • 08.01.2021 15:36
  • 14k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň “Facebook” hasaby onuň prezidentlik möhleti gutarýança, has takygy, azyndan iki hepde petiklener. Bu barada dünýäniň iň uly sosial ulgamyny esaslandyryjy Mark Zukerberg özüniň açyk sahypasynda aýtdy, diýip Lenta.ru habar saýty berýär.

Zukerberg petiklemäniň belli bir möhlete çenli, ýöne her niçigem bolsa, ABŞ-nyň Prezidenti saýlanan Jo Baýdeniň işe başlamagyna galan 13 günden has uzak dowam etjekdigini aýtdy. Zukerberg özüniň açyk sahypasyndaky ýazgyda Trampy "demokratik ýol bilen saýlanan hökümeti agdarmak üçin zorlugy öjükdirmekde" aýyplady.
Mundan öň, Twitteriň Trampyň hasabyny 12 sagatlyk petikländigi belli boldy. Onuň haçan açyljakdygy barada häzirlikçe takyk maglumat ýok. Sosial ulgam Trampa hasabyny hemişelik petikläp biljekdigini hem aýtdy. Munuň sebäbi, Trampyň Kapitoldaky demonstrantlara ýüzlenip, olaryň öýlerine gitmegini we saýlawlaryň “ogurlanandygyny” aýdýan wideosynyň çap edilmegi boldy.
6-njy ýanwarda Trampyň tarapdarlary Kapitol binasyna hüjüm etdiler we Senat zalyny gabadylar. Senat we Wekiller palatasy saýlaw kollejinde geçirilen ses berişligiň netijelerini tassyklamak boýunça ýygnagyny kesmeli boldular. Soňky netijelere görä, prezident saýlawynda demokrat Jo Baýden ýeňiş gazandy. Şol bir wagtda Tramp öz tarapdarlaryny parahatçylykly hereket etmäge we polisiýa goldaw bermäge çagyrdy. Soňra Waşingtondaky Kapitol binasynyň demonstrantlardan arassalanandygy belli boldy.

düýn 20:12
5.9k+

Indoneziýadaky Lewotobi Laki Laki wulkany 18 km beýiklikde kül zyňdy

Indoneziýanyň Flores adasynda Lewotobi Laki Laki wulkanynyň güýçli atylmasy bolup geçdi. Asmana 18 km beýiklikdäki kül sütüni göterildi diýip, ýerli häkimiýetlere salgylanyp, CNA habar berýär. Indoneziýanyň wulkanologiýa agentliginiň maglumatlaryna görä, wulkan gaty sesli partlamalar bilen atyldy...

düýn 10:25
3.9k+

Dünýäde CO₂ zyňyndylary rekord derejede 40,8 milliard tonna ýetdi

Geçen ýyl dünýäde kömürturşy gazynyň zyňyndylary CO₂ ekwiwalentinde 40,8 milliard tonna ýetdi. Bu barada Energetika instituty (EI) tarapyndan neşir edilen “2025-nji ýylda dünýä energetikasynyň san maglumatyna syn” atly täze hasabatda aýdylýar...

07.07.2025 13:30
7.5k+

Orbitadan bulutlaryň üstünde seýrek ýyldyrym surata alyndy

NASA-nyň zenan astronawty Nikol Aýers Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan ýyldyrymyň seýrek görnüşini – spraýty surata aldy. Surat stansiýa Meksika bilen ABŞ-nyň üstünden uçup geçen wagty düşürildi. Aýersiň aýtmagyna görä, şeýle surat alymlara spraýtlaryň tebigatyna, olaryň aýratynlyklaryna we tupan bilen baglanyşygyna has gowy düşünmäge kömek edýär...

27.06.2025 20:25
14k+

Dünýäniň iň gurak ýerleriniň biri bolan Atakama çölüni gar örtdi

Çiliniň demirgazygynda Atakama çölünde gar ýagdy. Bu çöl Ýer ýüzünde iň gurak sebitleriň biri hökmünde tanalýar. Şeýle-de bolsa, bu seýrek hadysa ALMA (Atacama Large Millimeter/submillimeter Array) obserwatoriýasynyň sosial ulgamlarynda paýlaşylan wideolarynda görkezildi...