«Gremmi» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy yza süýşürildi

  • 06.01.2021 20:01
  • 2.4k+

Dünýä aýdym-saz giňişliginde iň iri sylag hökmünde görülýän «Gremmi» baýragynyň gowşurylyş dabarasy global pandemiýa zerarly yza süýşürildi. Bu barada sişenbe güni «Rolling Stone» žurnalyna salgylanyp, TASS habar berdi. Dabarany 14-nji martda geçirmek meýilleşdirilýär.

63-nji «Gremmi» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasyny ilkibaşda 31-nji ýanwarda geçirmek meýilleşdirilipdi. Şeýle-de bolsa, neşiriň habaryna görä, Kaliforniýada täze görnüşli koronawirusyň ýaýramagy zerarly ýagdaýyň ýaramazlaşmagy bilen baglylykda guramaçylar ony yza süýşürmek kararyna geldiler.
Noýabr aýynyň ahyrynda guramaçylar aýdym-saz baýragyna 84 ugur boýunça dalaşgärleriň sanawyny yglan etdiler.
9 kategoriýada 63-nji «Gremmi» baýraklaryna dalaşgär görkezilen amerikaly pop ýyldyzy Beýons «Gremmi»-niň taryhynda iň köp dalaşgär görkezilen zenan diýlip bellenildi. Teýlor Swift, Roddi Riç we Dua Lipa baýraga 6 kategoriýa boýunça dalaşgärlik edýärler.

düýn 17:42
1.4k+

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektakly görkeziler

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektaklynyň premýerasy taýýarlanylýar – ol 12-nji dekabrda görkeziler. Bu sahna oýny iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň adybir eseriniň esasynda goýuldy. Spektakl tomaşaçylara dünýäniň nusgawy eserleriniň teatr hepdeliginiň çäginde görkeziler...

düýn 17:28
1.4k+

Tarantino “Billiň kastynda” filminiň animasion prikwelini surata düşürmegi meýilleşdirýär

Režissýor Kwentin Tarantino “Billiň kastynda” («Убить Билла») dulogiýasynyň baş gahrymanynyň animasiýalaşdyrylan gelip çykyşyny döretmek we "Billiň nädip Bill bolandygyny" açmak isleýändigini aýtdy. Ol bu barada Los-Anjelesde geçen “Ýukiniň ar alşy” («Месть Юки») atly gysga metražly filminiň ýörite görkezilişinde aýtdy diýip, Entertainment Weekly habar berýär...

düýn 12:00
2.2k+

“Juda geň işleriň” 5-nji möwsümi iňlis dilindäki seriallaryň arasynda Netflix-iň rekordyny goýdy

“Juda geň işleriň” (Stranger Things) bäşinji möwsümi Netflix-de iňlis dilindäki seriallaryň arasynda täze tomaşaçy rekordyny goýdy. 26-njy noýabrda çykan soňky möwsümiň ilkinji dört bölümine bir hepdäniň içinde 59,6 million gezek tomaşa edildi diýip, Deadline neşiri ýazýar...

düýn 11:54
1.8k+

Runway “kinematografik hildäki” HD wideo generatoryny görkezdi: ol şolbada Veo 3 we Sora 2 Pro-den geçdi

Runway emeli aň tarapyndan döredilen wideolaryň hakykata golaýlygyny täze derejä çykarýan Gen 4.5 modelini hödürledi. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Täze generator dessine "Artificial Analysis"-iň "Video Arena" atly, tekst beýanyndan wideo döretmäge niýetlenen EA modelleriniň reýtinginde Google Veo 3 we OpenAI Sora 2 Pro ýaly esasy bäsdeşlerinden öňe geçip, birinji orny eýeledi...