Ermenistanyň prezidenti koronawirus bilen keselledi

  • 05.01.2021 23:31
  • 14k+

Ermenistanyň prezidenti Armen Sarkisýan Londonda koronawirus bilen keselledi.

“Ermenistanyň prezidenti iş rugsadynyň çäginde Londonda maşgalasy we agtyklary bilen Täze ýyly garşylady. 3-nji ýanwarda Londonda prezident aýakdan operasiýa geçirdi, ol üstünlikli geçdi. Ýöne prezidentde koronawirus ýokanjynyň alamatlary ýüze çykaryldy, onuň barlagy položitel netijäni berdi” – diýip, prezidentiň metbugat gullugy Ermenistanyň “Armenpress” döwlet habarlar agentligine habar berdi. Muny interfax.ru ýetirýär. 

Şeýle-de, Sarkisýanyň wagtlaýynça öz wezipesini uzakdan dowam etdirjekdigi bellenilýär.
Armen Sarkisýan 2018-nji ýylda respublikanyň prezidenti wezipesine saýlanmazdan öň, dürli ýyllarda Birleşen Korollykda Ermenistanyň ilçisi bolup işledi. Onuň maşgalasynyň bir bölegi häzir hem şol ýerde ýaşaýar.
Ermenistanda koronawirus ýokanjy bilen kesellänleriň sany geçen bir günde 324 san artyp, 160 544-e ýetdi. Soňky 24 sagadyň dowamynda hassahanalarda koronawirus keselli 14 syrkaw ýogaldy, pandemiýa başlany bäri ýogalanlaryň sany 2 878-e ýetdi. Pandemiýa başlany bäri ýokanç ilaty 2,9 mln adam bolan respublikanyň, takmynan, 5,5% ýaşaýjysynda ýüze çykaryldy.

düýn 08:24
10k+

2025-nji ýylda iň gymmat düşen tebigy betbagtçylyklar belli boldy

Kaliforniýadaky tokaý ýangynlary 2025-nji ýylyň iň gymmat düşen klimat betbagtçylygy diýlip ykrar edildi. Onuň ýetiren ýitgisi 60 mlrd dollar diýlip hasaplandy, pida bolanlaryň sany bolsa 400 adama ýetdi. Şeýle maglumatlar Christian Aid haýyr-sahawat guramasynyň ýyllyk hasabatynda hödürlenýär...

29.12.2025 16:15
8.1k+

91 ýaşynda fransuz kinosynyň ýyldyzy Brižit Bardo aradan çykdy

Meşhur fransiýaly aktrisa, aýdymçy, fotomodel we ýazyjy Brižit Bardo 91 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň esaslandyran haýwanlary goramak gaznasyna salgylanyp, AFP agentligi habar berdi. Ýaşlykda Brižit Bardo balet bilen meşgullandy...

29.12.2025 10:44
9.2k+

ABŞ-da güýçli gar tupany sebäpli 16 müňden gowrak gatnaw ýatyryldy we gijikdirildi

ABŞ-a inen güýçli boragan howa gatnawlarynyň işinde uly bökdençligiň ýüze çykmagyna getirdi. Tutuş ýurt boýunça, şeýle-de Kanadanyň (Toronto, Monreal, Wankuwer) howa menzillerinde gatnawlar ýatyryldy we gijikdirildi...

27.12.2025 20:51
4.1k+

2025-nji ýylda magnit tupanlarynyň sany soňky on ýylda iň ýokary derejä ýetdi

2025-nji ýylda magnit tupanlarynyň bolan günleriniň sany soňky on ýylda iň ýokary görkezijä, geomagnit-gozganma günleriniň umumy sany bolsa soňky ýigrimi ýylda iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi...