Hünärmen 2021-nji ýylda smartfonlarda täze dörejek funksiýalar barada gürrüň berdi

  • 03.01.2021 18:06
  • 16k+

2021-nji ýylda smartfon öndürijileriniň ünsi, esasan, prosessorlaryň işleýiş tizligini ýokarlandyrmaga, akkumulýatorlaryň ömrüni uzaltmaga we ekranlaryň işini kämilleşdirmäge, simsiz zarýad beriji çeşmeleri döretmäge, şeýle-de telefony dürli funksiýalar bilen üpjün etmäge gönükdiriler diýip, Telecom daily maglumat we seljeriş agentliginiň müdiri Denis Kuskow gürrüň berdi. Bu barada mk.ru habar berýär.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, ýetip gelen ýylda simsiz zarýad berijiler agdyklyk eder, sebäbi kompaniýalar kabellerden ýüz öwrüp, stansiýalar we beýleki mümkinçilikler bilen gurluşlara zarýad bermegi teklip edip başladylar.
Kuskow öndürijileriň köp böleginiň ekrany we onuň reňkliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjek çarçuwasyz ekranlara geçmäge synanyşjakdygyny aýtdy.
Mundan başga-da, smartfon diňe bir kamera, töleg enjamy we ses arkaly internete girmek däl-de, eýsem, adam barada lukmançylyk maglumatlaryny ýygnamagyň çeşmesine öwrülýär.

“Mysal üçin, Apple Watch-yň kislorod derejesini ölçemek funksiýasy bar, eýýäm häzir dürli enjamlaryň kömegi bilen gan basyşyny ölçemek, elektrokardiogramma geçirmek mümkin” – diýip, hünärmen belledi.

şu gün 00:17
600

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
867

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.7k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......