Bitcoin gymmaty boýunça rekordyny täzeledi

  • 31.12.2020 16:30
  • 13k+

Aýyň ikinji ýarymynda bitcoin-iň gymmaty ýokarlandy. Onuň bahasy ilkinji gezek 29,000 dollara çenli gymmatlady we bu babatdaky ozalky rekordlaryny täzeledi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Häzirki wagtda bitcoin tutuş dünýä sanly walýuta bazarynyň, takmynan, 70,5 göterimini eýeleýär.
Sanly walýuta söwdasynyň möçberi boýunça iň iri bolan Binance biržasynda bitkoiniň bahasy 31-nji dekabrda ýary gijä golaý ilki 29,000 dollara ýetdi, soň bolsa 28,8 müň dollara çenli aşaklady.
16-njy dekabrda bu sanly walýuta 2017-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji bolan 20,042 dollardan geçdi we şondan bäri rekord goýmagyny dowam etdirip gelýär. Bahanyň ýokarlanmasy Ruffer gaznasynyň we MassMutual kompaniýasynyň oňa maýa goýýandygy baradaky habarlardan soň başlandy.
Analitikler 2021-nji ýylyň başynda bitcoin-iň bahasy 30 müň dollardan 32 müň dollara çenli ýokarlanyp, özüniň iň ýokary derejesine ýeter diýip hasaplaýarlar.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......