“Science” 2020-nji ýylyň iň möhüm ylmy açyşlaryny kesgitledi

  • 29.12.2020 13:34
  • 7.8k+

“Science” žurnaly 2020-nji ýylyň iň möhüm açyşlaryny sanap geçdi diýip, MediaPotok habar berýär.

Hünärmenler birnäçe aýyň içinde taýýarlanylan COVID-19 koronawirusyna garşy sanjymyň oýlanyp tapylmagyny geçip barýan ýylyň esasy ylmy açyşy diýip atlandyrdylar. Möhümligi boýunça ikinji orunda belogyň üç ölçegli ýygrylma görnüşini modelirläp bilýän emeli intellekt önümi AlphaFold ýerleşdi. Üçünji baýrak alan CRISPR genom redaktory boldy, ony işläp düzüjiler Nobel baýragyna mynasyp bolupdylar. Redaktor eýýäm iki nesil gan keselini bejermegi başardy.
Bellenilenleriň hatarynda klimat boýunça-da işler bar. Awtorlar göräýmäge ýönekeý sorag bilen ýüzlendiler: adamzat ummasyz bug gazlaryny atmosfera goýbermegi dowam etdirse, Ýerde näme bolar. Häzire çenli muňa şeýle jogap berildi: eger-de zyňyndylar industrialdan öňki derejeden iki esse köpelse, planeta ahyrky netijede 1,5 – 4,5 C gyzar.
“Science” ýagdaýy aýdyňlaşdyrmaga, umyt beriji we kyýamat çaklamalary aýyrmaga mümkinçilik beren täze ylmy netijäni belläp geçdi. Indi temperatura “penjiresi” 2,6-dan 3,9 C-a çenli.
Ylmy açyşlara astrofizikleriň hem işleri goşuldy. On ýyldan gowrak wagt bäri astronomlar çalt radio serpikmeleriniň (FRB) gelip çykyşyna düşünip bilmeýärdiler. Indi bu tapmaça çözülen ýaly. Serpikme biziň Galaktikamyzda bolup geçdi we kosmiki teleskoplar rentgen hem-de gamma-diapazonlarynda signallary yzarlamagy başardylar. Olar güýçli magnit meýdany bilen “partlaýan” neýtron ýyldyzy, magnetar (SGR 1935+2154) boldy.

şu gün 10:53
26

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
618

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:53
2.8k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

düýn 23:37
2.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......