“YouTube”-da iň meşhur oýun aýdyldy. Oňa şu ýyl 201 milliard gezek tomaşa edildi

  • 28.12.2020 23:50
  • 12k+

Meşhur “YouTube” wideo hyzmatynyň topary 2020-nji ýylyň jemlerini jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, mowzuklardaky wideolaryň sanyna esaslanyp, “YouTube”-da oýunlaryň meşhurlygy baradaky statistika köpçülige hödürlenildi. Bu barada se7en.ws habar berýär.

Statistikalar Twitter sosial ulgamynda resmi "YouTube Creators" sahypasynda çap edildi. Netijede, 2020-nji ýylda iň köp görlen oýun Minecraft boldy. "YouTube" ulanyjylary oňa 201 milliard gezek tomaşa etdiler.
Ikinji ýeri 76 milliard tomaşa bilen “Roblox” eýeledi, ondan soňra 72 milliard tomaşa bilen “Garena Free Fire”, 70 milliard tomaşa bilen “Grand Theft Auto V” we 5-nji ýerde bolsa 67 milliard tomaşa bilen “Fortnite” ýerleşdi.
Umuman alanyňda, ulanyjylar "YouTube"-da oýun kontentine tomaşa etmek üçin 100 milliard sagatdan gowrak wagt sarp etdiler. Bu bolsa 11,5 million töweregi ýyl diýmekdir.

 

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
866

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......