Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň 5 ýyllyk maksatnamasy işlenip düzüldi

  • 27.12.2020 17:13
  • 11k+

Anna güni Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Geldinyýazow Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu resminamanyň esasy maksady bedenterbiýäni we sporty hemmetaraplaýyn goldamak hem-de ösdürmek arkaly, türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekden, raýatlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmegi, ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak üçin olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga şertleri döretmekden hem-de türkmen sportuny dünýäde iň öňdäki orunlara çykarmakdan ybaratdyr.
Wise-premýer degişli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň, daşary ýurtlaryň sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem-de Diýarymyzyň sport ulgamyna öňdebaryjy gazanylanlary we häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmegiň, halkara derejeli türgenleri taýýarlamagyň–şu hem-de ençeme beýleki möhüm wezipeleriň maksatnamanyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenilendigini habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň halkymyzyň sazlaşykly ösmegine, beden taýdan berk we ruhy taýdan kämil ýaşlaryň terbiýelenilmegine gönüden-göni ýardam berýändigini nygtap, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmäge degişli görkezmeleri berdi.

düýn 14:40
1.3k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

düýn 09:59
5.7k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.1k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
8.6k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....