Türkmenistanda birinji synp okuwçylary Täze ýyl mynasybetli kompýuter sowgat aldylar

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary Täze ýyl mynasybetli kompýuter sowgat aldylar

Aşgabadyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan birinji synp okuwçylara Täze ýyl sowgady hökmünde kompýuterler gowşuryldy. Dabara 21-nji dekabrda geçirildi.

Noutbuklara ýüklenen programma dürli öwrediş işlerini ýerine ýetirýär hem-de türkmen, rus we iňlis dillerindäki üç görnüşi özünde jemleýär. Mundan başga-da, täze kompýuterler olaryň eýeleriniň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp öndürildi we lukmançylyk talaplaryna kybap gelýär.
Täze ýyl başlanýança kompýuterleri sowgat gowşurmak dabaralary ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň mekdeplerinde hem geçiriler.