Londonyň ýaşaýjylary lokdaun sebäpli şäheri köpçülikleýin terk edýärler

  • 22.12.2020 17:42
  • 21k+

Londonyň ýaşaýjylary koronawirusyň täze görnüşiniň ýüze çykandygy sebäpli çäklendirmeler güýçlendirilenden soň paýtagtdan köpçülikleýin gidip başladylar. Bu barada “The Daily Mail” tabloidine salgylanmak bilen RIA Nowosti habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, täze çäklendiriji çäreler güýje girmezden ozal, Londondan çykmaga synanyşýan raýatlaryň köpüsi şäheriň esasy demir ýol menzillerinde ýygnandy. Şeýle-de, Londony ýurduň beýleki bölekleri bilen baglanyşdyrýan esasy awtoulag ýollarynda uly dykynlar döredi.
Belläp geçsek, şenbe güni premýer ministr Boris Jonson Londonda we Angliýanyň günorta-gündogarynda lokdauny aňladýan täze çäklendirmeleriň girizilendigini habar berdi. Çäklendirmeler zerur harytlary satmaýan dükanlaryň, dellekhanalaryň we sport zallarynyň işlemegini gadagan edýär. Şeýle-de, adamlara ýurduň içinde we daşary ýurtlara gezelenç etmekden saklanmak, zerur bolmasa öýden çykmazlyk maslahat berilýär. Olara Roždestwo baýramçylygynda dostlar we goňşular bilen duşuşmak hem gadagan ediler.
Beýik Britaniýada ýüze çykarylan COVID-19 ýagdaýynyň sany soňky bir günde 35 928 san ýokarlandy. Pandemiýa başlany bäri ýurtda koronawirus jemi 2 040 147 adamda tassyklandy, 67 401 keselli ýogaldy.

20.06.2026 14:57
6.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....