Lionel Messi ahyr soňy "Dünýä çempiony" boldy

  • 20.12.2020 15:07
  • 17k+

"Barselonanyň" kapitany Lionel Messi meýdançada we onuň çäginden daşarda bitiren ähli işleri üçin "Dünýä çempiony" baýragyny aldy. Ýagny 33 ýaşly argentinaly oýunçy özüniň haýyr-sahawat gaznasy üçin Champion for Peace of the Year baýragyna eýe boldy. Bu barada sport24.ru habar berýär.

“Biz öz abraýyny jemgyýete uzak wagtlap täsir etmek hem-de has gowy we asuda dünýä ugrunda goşant goşmak üçin ulanýanlary hormatlaýarys. Messiniň meýdançada feýr-pleý babatdaky göreldesi we sosial goşantlary häzirki jemgyýete hakykatdanam täsir edýär diýip hasaplaýarys"-diýip, Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy Monakonyň şazadasy Albert II aýtdy.

“Messini "2020-nji ýylda Dünýä çempiony" bolmagy bilen gutlaýaryn! Lioneli özümiziň "Dünýä çempionlary" klubumyzda garşy almak meniň üçin uly hormat. Bu baýrak diňe bir onuň adalatly oýnamagyny, futbol meýdançasyndaky hormatyny we çydamlylygyny däl, eýsem, çagalaryň hukuklaryna ygrarlydygyny hem ykrar edýär. Bular ondan görelde alýanlar üçin gymmatlyklardyr we olar has adalatly jemgyýete tarap ýol açyp biler"-diýip, «Peace and Sport» guramasynyň esaslandyryjysy we Prezidenti Žoel Buzu aýtdy.

“Baýragy alanyma buýsanýaryn. Başgalara hormat goýmak çagalygymda öwrenen zadym we bu möhüm düşünjäni elmydama futbol meýdançasynda ulanmaga çalyşýaryn. Dogruçyl oýunçy hökmünde tanalmak gowy zat. Bu baýrak üçin dünýä, sporta we Monakonyň şazadasy Albert II-ä minnetdarlygymy bildirýärin hem-de pukaralary ruhlandyrmagy we goldaw bermegi dowam etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn"-diýip, Messi belledi.

şu gün 14:08
3.8k+

Mbappe psihologik basyş edilmegi babatda “PSŽ”-nyň üstünden ýazan arzasyny yzyna aldy

Fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe öňki kluby bolan “Pari Sen-Žermene” üstünden beren kazyýet arzasyndan özüne psihologik basyş edilmegi babatdaky bölegi yzyna aldy diýip, L'Equipe habar berýär. Futbolçy "ünsüni sport meselelerine jemlemek" üçin şeýle karara geldi...

şu gün 12:22
1.9k+

“Mançester Ýunaýted” Amazonyň klub hakynda 10 mln funt sterlinglik dokumental film düşürmek teklibini ret etdi

"Mançester Ýunaýted" şertnamanyň bahasynyň 10 million funt sterlingdigine garamazdan, Amazonyň klub barada  dokumental film düşürmek baradaky teklibinden ýüz öwürdi diýip, The Athletic habar berýär. Çeşmäniň habaryna görä, Amazon bilen gepleşikler geçen möwsümiň ikinji ýarymynda birnäçe aýlap geçirilipdi...

şu gün 11:39
2.9k+

“Çelsi” Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy, ol “Real” ýa-da “PSŽ” bilen duşuşar

Londonyň “Çelsisi” 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionaty ýaryşynyň ilkinji finalçysy boldy. Ol ýarym finalda Braziliýanyň “Fluminense” toparyny 2:0 hasabynda utdy. Oýun Ist-Raterforddaky (ABŞ) “Metlaýf” stadionynda geçirildi...

şu gün 11:18
1.4k+

“Barselona” 35 ýaşly Woýseh Şensny bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy

“Barselona” polşaly derwezeban Woýseh Şensny bilen täze şertnama baglaşdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 35 ýaşly futbolçy bilen şertnama 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Şensny katalon toparyna 2024-nji ýylyň oktýabrynda – karýerasyny tamamlandygyny yglan edenden iki aý soň goşuldy...