Türkmenistan we Belgiýa syýasy geňeşmeleri geçirdiler

  • 18.12.2020 19:33
  • 2.7k+

17-nji dekabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda wideomaslahat görnüşinde Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Belgiýanyň wekiliýetine Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler, daşary söwda we ösüş ugrundaky hyzmatdaşlyk boýunça federal döwlet gullugynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Baş direktory Anik Wan Kalster ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmäge, umuman, özara gatnaşyklaryň täze usullaryny döretmek arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirdiler. Iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasynda geňeşmeleri yzygiderli geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek boýunça meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

şu gün 11:20
130

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le hem hut öz adyn­dan Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy Ha­mad bin Isa Al Ha­li­fa we ýur­duň äh­li hal­ky­na Türk­me­nis­tan...

şu gün 11:11
265

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow ne­bit­çi­leri, gaz­çy­lary we geo­log­lary Türkmenistanda her ýylyň 14-nji dekabrynda bellenilip geçilýän Ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri­niň gü­ni bi­len gut­la­dy...

düýn 10:19
4k+

Aşgabatda daşary ýurt raýatlaryny we ýurdumyzyň ýaşululary sylaglamak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde daşary ýurtlaryň raýatlaryna we Türkmenistanyň hormatly ýaşulularyna «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy...

13.12.2025 17:11
10k+

Ak tam 1 mln dollara «Trampyň altyn kartyny» satmak üçin saýty işe girizdi

ABŞ-nyň hökümeti daşary ýurt raýatlaryna «Trampyň altyn karty» maksatnamasynyň çäklerinde hemişelik ýaşamak üçin ygtyýarnama hödürleýän web-saýty işe girizdi. Prezident Donald Tramp ozal bu başlangyjy amerikan raýatlygyny almak üçin iň gysga ýol diýip atlandyrypdy diýip, RIA Nowosti habar berýär...