2020-nji ýylda dünýäde ak reňkli awtoulaglara has köp isleg bildirildi

  • 16.12.2020 20:02
  • 23k+

2020-nji ýylda dünýädäki her üçünji awtoulag (38%) ak reňke, her bäşinjisi bolsa (19%) gara reňke reňklenildi. Şeýle maglumat “Axalta Coating Systems” awtoulag boýaglaryny we laklaryny öndürijisi tarapyndan geçirilen soňky barlagda aýdylýar. Bu barada avtonovostidnya.ru habar berýär.

Iň meşhur awtoulag reňkleriniň sanawynda üçünji orny çal reňk eýeledi - bu reňk satyn alnan awtoulaglaryň 15% -ini düzdi. Iň soňky orunlarda dünýäniň ähli ýurtlarynda (Hytaýdan başga) has az isleg bildirilen sary we altynsow reňkler ýerleşdi.
Ýeri gelende bellesek, Hytaýda hasaba alnan awtoulaglaryň 5%-ini sary we altynsow reňkler tutýar, ak bolsa ol ýerde, umuman, dünýäde iň meşhur reňk bolmagynda galýar - ýerli ýaşaýjylaryň 57% -i bu reňki saýlaýarlar.
Bu babatda Ýewropada ýagdaýlar birneme üýtgeýär - bu ýerde ak birinji orny çal bilen paýlaşýar - olaryň hersi 25% -i emele getirýärler.

 

şu gün 08:01
932

Hytaýda awtoulag faralaryny kinoproýektora öwürdiler. Bu Huawei-iň täzeligi

Huawei kompaniýasy awtoulagyň yşyklandyryşyny, howpsuzlyk  ulgamyny we multimediýa funksiýalaryny özünde birleşdirýän we faralary doly derejeli proýektora öwürýän täzelenen xPixel tehnologiýasy bilen......

düýn 16:52
2.7k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......

düýn 13:01
3.7k+

Lexus Pekinde üç modelini — LC500h, GX Black Edition we premium LX-i görkezdi

Lexus Pekin awtosalonynda brendiň ösüşiniň dürli ugurlaryny görkezýän birbada birnäçe modeli tanyşdyrdy. Täze ulaglaryň arasynda LC500h kupesi, ýolsuz ýerden ýöreýän GX ulagynyň Black Edition wersiýasy we......

29.04.2026 22:25
4.4k+

Toyota kompaniýasy bZ seriýasynyň sedanlaryny we krossowerini görkezdi

2026-njy ýylyň Pekin awtosalonynda Ýaponiýanyň Toyota awtoulag kompaniýasy özüniň bZ hataryndan birbada dört sany elektromobili tanyşdyrdy: bZ3 sedanyny, bZ5 liftbegini, bZ3X krossowerini we täze flagman......