Google hyzmatlarynyň işleýşinde ýüze çykan näsazlyklaryň sebäbini düşündirdi

  • 15.12.2020 14:18
  • 9.7k+

Dünýäniň birnäçe ýurdunda "Google"-yň hyzmatlarynyň işi bilen baglanyşykly meseleler içerki ammar kwotasy bilen baglylykda dörän autentifikasiýa ulgamynyň näsazlygy bilen baglanyşykly ýüze çykdy. Bu barada "Google"-yň metbugat gullugyna salgylanyp, Interfax.ru habar berýär.

"Häzirki wagtda içerki ammar kwotasy bilen baglanyşykly meseleler sebäpli autentifikasiýa ulgamynda näsazlyk ýüze çykdy - ulanyjylaryň ulgama girmegini talap edýän hyzmatlar uly möçberde ýalňyşlyk görkezdi" -diýip, Google belleýär.

Häzirki wagtda ähli hyzmatlaryň işi dikeldildi.
Duşenbe güni öýlän ulanyjylar, "Google"-yň hyzmatlarynda näsazlyk bilen ýüzbe-ýüz boldular. Has takygy, meseleler "Gmail" poçta hyzmatynda, "YouTube" wideo hyzmatynda, "Google Drive" bulut ammarynda we ş.m. ýüze çykdy. DownDetector-yň habar bermegine görä, başga-da "Google" hyzmatlarynda näsazlyklar Ýewropa ýurtlarynda, Ýaponiýada, Indoneziýada we Awstraliýada ýüze çykypdyr.
"Google" bu ýagdaýyň geljekde gaýtalanmazlygy boýunça iş alyp barýandyklaryny aýtdy.

şu gün 09:48
3k+

Aýa bir sagatda üç meteorit baryp urdy

15-nji dekabra geçilen gije Aýyň üstüne üç meteoritiň gaçyşy hasaba alyndy. Hadysa bir sagatdan az wagtyň içinde bolup geçdi. Seýrek çaknyşma seriýasy iň kuwwatly meteor akymlarynyň biri bolan Geminidiň iň ýokary işjeňligi bilen baglanyşyklydyr diýip, ýaponiýaly astronom-höwesjeň Daiçi Fuji habar berdi...

düýn 17:38
10k+

Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi

Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär...

12.12.2025 18:06
9.5k+

Güýçli ýagyş ABŞ-nyň demirgazyk-günbatarynda uly suw joşgunlaryna sebäp boldy

Waşington amerikan ştaty 8-nji dekabrda başlan güýçli ygallar sebäpli uly suw joşgunlary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bilermenleriň hasaplamalary boýunça, tebigy betbagtçylyk soňky 35 ýylda iň güýçlüsi boldy diýip, New York Times we The Guardian habar berýär...

11.12.2025 09:42
5.7k+

1883-nji ýylda Krakatau wulkanynyň atylmagy taryhda iň gaty ses diýlip atlandyryldy

Ýerde häli-häzire çenli hasaba alnan iň gaty ses 1883-nji ýylda Indoneziýada Krakatau wulkan adasynyň atylmagy boldy. Partlama 3 müň kilometrden gowrak aralykda eşidildi we dünýädäki barometrler onuň planetany ýedi gezek aýlanan zarba tolkunyny hasaba aldy diýip, Live Science neşiri ýazýar...