IMDb обнародовала рейтинг самых популярных сериалов 2020 года

  • 14.12.2020 23:11
  • 12k+

Iň iri kino maglumatlar bazasy bolan Internet Kino Maglumatlar bazasy (IMDb) tomaşaçylaryň gyzyklanmalaryna esaslanyp, 2020-nji ýylyň meşhur teleseriallarynyň sanawyny düzdi. Bu barada Sibnet.ru habar berýär.

Reýtingde IMDb ulanyjylarynyň arasynda iň meşhur bolan 2020-nji ýylda döredilen iň oňat 10 teleýaýlym görkezilýär.
2020-nji ýylda iň köp tomaşa edilen 10 serial:
"Oglanlar"
"Kagyz öýi"
"Tümlük"
"Ozark"
"Mandalorly"
"Perziniň göçümi"
"Saýawan akademiýasy"
"Ýabany Günbatar dünýäsi"
"Jadygöý"
"Täç"

“Oglanlar” seriýaly Gart Ennisiň gülküli komiksler seriýasyna esaslanýar. Bu serialda wakalar super gahrymanlaryň dünýäsinde bolup geçýär. Olar - hakyky ýyldyzlar, olary her kim tanaýar we gowy görýär. Emma durmuşdaky gahrymanlar, köplenç, hemişe ýakymly adamlar däl. Serialda "Oglanlar" diýlip atlandyrylýan bir topar super gahrymanlara garşy çykýar. Olar adalaty dikeltmek isleýän adaty adamlardan ybarat.
"Kagyz öýi" - ispan kriminal dramasydyr. Onda "Professor" lakamly bir syrly adam Korollyk zikgehanasyny talamak üçin topar ýygnaýar. Soňra sosial zerurlyklara sarp etmek üçin ummasyz mukdarda - 2,4 milliard ýewro ogurlamagy meýilleşdirýär.
“Tümlük” serialynyň wakalary Winden hyýaly şäherinde (Germaniýa) bolup geçýär. Iki çaganyň ýitirim bolmagy bilen başlanan wakalar birnäçe nesle täsir edýän wagt syýahaty barada bir syry ýuwaş-ýuwaşdan öwrenýän dört Winden maşgalasynyň syrlaryny we gizlin baglanyşyklaryny açýar. Serialyň dowamynda wagtyň ekzistensial manysy we adamyň tebigatyna edýän täsiri öwrenilýär.

12.05.2026 18:30
1.6k+

Dior направит средства на реставрацию «Золотого дома» в Венеции

Модный дом Dior совместно с организацией Venetian Heritage запускает новый масштабный проект, направленный на сохранение архитектурного и культурного достояния Венеции....

06.05.2026 18:18
4.4k+

Met Gala 2026 посвятили теме «моды как искусства»: вот во что нарядились звезды

В Нью-Йорке 4 мая прошёл Met Gala. В 2026 году дресс-код обозначили как «Мода – это искусство»: участникам предложили рассматривать моду как форму искусства и создавать образы как художественные высказывания....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa представила коллекцию мебели, посвящённую наследию Джорджо Армани

Студия Armani/Casa представила новую коллекцию мебели в рамках Миланской недели дизайна. Экспозиция получила название Origins и посвящена наследию Джорджо Армани....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel выпустила ювелирный шахматный набор стоимостью $4 млн

На ежегодной выставке Watches & Wonders 2026 в Женеве модный дом Chanel представил эксклюзивный шахматный набор Coco Game стоимостью 4 миллиона долларов. ...