Google-da iň meşhur türk seriallarynyň sanawy düzüldi

  • 14.12.2020 13:43
  • 23k+

“Getje” neşiri Google-iň pikiriçe iň meşhur türk seriallarynyň sanawyny çykardy. Bu barada www.kinoafisha.info habar berýär. Birinji orny baş roly Jansu Dereniň ýerine ýetirmeginde “Biwepa” serialy eýeledi.

“Biwepa” birinji bölüme tomaşa edenleriň sany boýunça Türkiýede rekordyň eýesi boldy. Ýerli neşirler ony güýzüň geljegi uly taslamalarynyň biri diýip atlandyrdylar. Şol bir wagtyň özünde serial tomaşaçylaryň köpüsiniň ony ýaşlaryň negatiw özüni alyp barşynyň wagyzçysy diýip atlandyrmagy bilen tankyda sezewar boldy.
Ikinji orny ABŞ-da oýlanyp tapylan tele şüweleňiň remeýki bolan “Ajaýyp lukman” serialy eýeledi. Onda baş roly Taner Olmez ýerine ýetirýär.
Liderleriň üçlügini “Bigünäleriň jaýy” serialy jemleýär. Şüweleň baradaky synlaryň köpüsi onuň hakykylygy bilen baglanyşykly. Serial diňe Türkiýede däl, eýsem, Russiýada, Ýewropada we ABŞ-da görkezildi. Şüweleň premýeranyň ilkinji hepdesinde ekranyň öňünde köp tomaşaçyny ýygnamagy başardy.
Iň meşhur türk seriallarynyň sanawyna “Meniň gapymy kak”, “Alaw”, “Gyzyl otag”, “Jenap ýalňyşlyk”, “Söýgi 101” we “Meniň menejerime jaň ediň” hem girdi.

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
866

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......