TMB baýramçylyk mynasybetli gymmaty 100 manatlyk şaýy pullary çykardy

  • 09.12.2020 16:12
  • 45k+

Ýurdumyzyň Merkezi banky Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gymmaty 100 manat bolan ýadygärlik altyn we kümüş şaýy pullaryny çykardy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Täze şaýy pullaryň ýüz tarapynyň merkezinde dogup gelýän Günüň şöhleleriniň arasynda “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň baş nyşany şekillendirildi. Onuň ýokarsynda ýarym aýlaw görnüşinde “TÜRKMENISTAN — BITARAPLYGYŇ MEKANY” diýen ýazgy, aşaky böleginde “1995 — 2020” sanlar ýerleşdirildi.
Şeýle hem onuň arka tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirilipdir. Onuň ýokarsynda ýarym aýlaw görnüşinde “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY”, aşaky böleginde bolsa “ÝÜZ MANAT” diýen ýazgy bar. Mundan başga-da, bu ýerde gymmat bahaly metalyň mähegi we agramy görkezilipdir.
Au 916,7 altyn şaýy pulunyň agramy 39,94 grama, Ag 925 kümüş şaýy pulunyň agramy bolsa 28,8 grama deňdir hem-de diametri 38,61 millimetrdir. Täze şaýy pullaryň özboluşly öwüşgini bolup, ýerleşdirilen şekilleriň iň kiçi çyzgylaryna çenli anyk görünmegi olaryň tapawutly aýratynlygydyr.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şaýy pullara beren güwänamasy olaryň halkara ölçeglere kybap gelýän “pruf” hilini kepillendirýär.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy esasynda täze şaýy pullary Singapuryň dünýä belli döwlet ordenlerini, sylaglary we medallary döretmekde ýöriteleşdirilen “Eng Leong Medallic Industries Pte Ltd” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyldy.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......