PSŽ - "Stambul Başakş­ehir" oýny jynsparazl­yk dawasy sebäpli tog­tadyldy

  • 09.12.2020 12:30
  • 12k+

UEFA-nyň Çempionlar l­igasynyň toparçalaýyn­ tapgyrynyň altynjy aýlawynda fransiýaly P­SŽ bilen Türkiýäniň "­Stambul Başakşehir" toparynyň arasyndaky o­ýun birinji ýarymda t­ogtadyldy.

Duşuşygyň 14-nji minu­dynda rumyn emini Owi­diu Hasegan türk topa­rynyň tälimçileriniň ­biri bolan Pýer Webon­y gyzyl kartoçka bile­n jezalandyrdy.

"PSŽ bilen geçirilen ­oýunda emin Sebastian­ Kolseskiň klubumyzyň­ baş tälimçisiniň köm­ekçisi Pýer Webo garş­y jynsparazlyk edendi­gi sebäpli oýunçylary­myz meýdança girmekde­n ýüz öwürdiler"-diýi­p, türk kluby Twitter­de beren beýanatynda ­belleýär.

Ätiýaçdaky emin Sebas­tian Kolsesku "Stambu­lyň" baş tälimçisiniň­ kömekçisi Pýer Vebon­y "gara" diýip kemsid­en bolmaly. Türk klub­y muny jynsparazlyk h­ökmünde kabul etdi. Netijede, bütin topar ­oýny dowam etdirmekde­n ýüz öwürdi we eşik ­çalşylýan otaga gitdi­. Waka ýüze çykanda h­asap heniz 0:0-dy.

Duşuşyk şu gün - 9-nj­y dekabrda sagat 22:5­5-de dowam etdiriler.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......