«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby ukrain dilinde neşir edildi

  • 08.12.2020 14:28
  • 2.1k+

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara serginiň çäklerinde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy guraldy.

Çärä Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, jemgyýetçilik we döredijilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Şeýlelikde, ukrain okyjylary türkmen halkynyň medeniýeti, filosofiýasy, milli häsiýetleri parasatly ahlak ýörelgeleri baradaky düşünjelerini giňeltmäge ajaýyp mümkinçilik aldylar.
Bu kitabyň hytaý, ýapon, rus we gruzin dillerine terjime edilendigini bellemek gerek.

düýn 23:05
2.1k+

Torontoda 10 gatly jaýyň beýikligindäki zäherli gar daglary emele geldi

«Kanadanyň Toronto şäherinde howply ekologik ýagdaý ýüze çykdy. Gyşyň dowamynda köçelerden çykarylan äpet gar topbagy daşky gurşawa zyýan ýetirmek howpuny salýar» diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Ýanwar aýynda şähere bir gije-gündiziň dowamynda takmynan 58 santimetr ýagyn düşüp, rekord derejedäki gar hasaba alyndy...

düýn 21:12
564

Kwentin Tarantino teatrda ilkinji gezek komediýa farsy bilen çykyş edýär

Kwentin Tarantino özüniň ilkinji teatr oýnuny taýýarlaýar. Režissýor "köne britan farsy" žanryndaky sahna oýnunyň üstünde işleýär diýip, Variety neşiri habar berýär . Ilkinji görkezilişini 2027-nji ýylda Londonda geçirmek meýilleşdirilýär...

düýn 20:25
1k+

Billi Aýliş ilkinji gezek doly metražly kinoda özüni aktýor hökmünde synap görer

Billi Aýliş ýazyjy Silwiýa Plattyň «Aýna kapasyň içinde» (The Bell Jar) romanynyň esasynda surata düşüriljek filmde baş keşbi ýerine ýetirer. Bu 25 ýaşly aýdymçynyň doly metražly kinodaky ilkinji aktyorlyk işi bolar...

düýn 19:17
2.8k+

Kamçatkadaky Şiweluç wulkanyndan 8 kilometr belentlige kül sütüni pürküldi

Şu gün günortanlar Kamçatkada ýerleşýän Şiweluç wulkanyndan deňiz derejesinden 8 kilometr belentlige çenli uzaboýuna kül sütüni pürküldi. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Uzak Gündogar bölüminiň Wulkanologiýa we seýsmologiýa institutynyň KVERT topary habar berdi...