Всемирный экономический форум в 2021 году пройдет в Сингапуре

  • 08.12.2020 14:03
  • 3.3k+

Adatça Şweýsariýada geçirilýän Bütindünýä ykdysady forumy (BYF) indiki ýyl ilkinji gezek Singapurda geçiriler. Bu barada Ženewada BYF-nyň ýerine ýetiriji müdiri Edrian Monk habar berdi diýip, TASS ýetirýär.

“Bütindünýä ykdysady forumy 13-16-njy maý aralygynda Singapurda 2021-nji ýylyň ýörite ýygnagyny geçirer. 2022-nji ýylda her ýylky ýygnak Dawos-Klosters şäherine gaýdyp geler” – diýip, Monk belledi.

2021-nji ýyldaky ýygnagyň geçiriljek ýeriniň üýtgemegi “gatnaşyjylaryň we kabul edýän jemgyýetiň saglygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde Forumyň ileri tutýan ugurlaryny görkezýär” diýip, BYF-iň müdiri düşündirýär.
BYF-nyň Singapurdaky ýygnagy dünýäde pandemiýadan gutulmaga bagyşlanan ilkinji global liderlik çäresi bolar. Bu sammit “biziň bilelikde dikeldiş işlerini ara alyp maslahatlaşmagymyz üçin örän möhümdir” diýip, BYF-nyň başlygy we esaslandyryjysy Klaus Şwab aýtdy. Ol häzirki wagtda “ynamy dikeltmek we 2020-nji ýylda ýüze çykan ýalňyş ýollary düzetmek üçin döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň öňküsinden has zerurdygyny” belledi.
BYF 2021-nji ýylyň 25-29-njy ýanwarynda onlaýn görnüşde adaty “Dawos hepdeligini” geçirmegi meýilleşdirdi. Mundan başga-da, BYF 2021-nji ýylyň 6-7-nji aprelinde Tokioda “Global tehnologiýa dolandyryşy” sammitini geçirer.
Bütindünýä ykdysady forumy Şweýsariýanyň hökümete degişli bolmadyk guramasydyr. Ol her ýylda öňdebaryjy işewür ýolbaşçylaryň, syýasy liderleriň we dürli iş ugurlarynda görnükli hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilýär.

вчера 15:48
4.2k+

В Австралии рухнул рынок жилья: их стоимость сократилась на $128 млрд за квартал

Снижение цен на недвижимость в Австралии уменьшило стоимость рынков жилья Сиднея и Мельбурна на 185 млрд австралийских долларов (около 128 млрд долларов США) за последний квартал....

27.06.2026 19:38
5.3k+

Рашид Мередов встретился с украинскими дипломатами

25 июня министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов встретился с заместителем министра иностранных дел Украины Олександром Мищенко и специальным представителем МИД Украины по связям со странами......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Прошли туркмено-украинские политконсультации на уровне замминистров иностранных дел

25 июня в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялись туркмено-украинские политические консультации на уровне заместителей министров иностранных дел....

27.06.2026 11:05
4.3k+

Доклад Всемирного банка: к 2035 году на рынок труда выйдут 1,2 млрд молодых людей

Согласно докладу Всемирного банка «Глобальная проблема занятости», в течение ближайшего десятилетия развивающиеся страны столкнутся с беспрецедентным вызовом: трудоспособного возраста достигнут порядка 1,2......