Türkmenistan Täze ýyly öňüni alyş çäklendirmeleriniň şertlerinde bellär

  • 07.12.2020 22:02
  • 35k+

Türkmenistan Täze ýyl baýramyny ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça bellenen çäklendiriji çäreleriň şertlerinde belläp geçer, diýip ORIENT habar berýär.

Täze ýyl gijesindäki baýramçylyk dabarasy 31-nji dekabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň, 50 adamdan ybarat medeniýet we sungat işgärleriniň toparynyň gatnaşmagynda 23:00-dan 24:00-a çenli aralykda geçiriler. Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan ýaşuly nesliň wekilleriniň Täze ýyl gutlaglary teleköpri arkaly ýaýlyma berler. Baýramçylyk howpsuz aralygy berk berjaý etmek bilen geçiriler.
Mundan başga-da, sebitdäki we dünýädäki epidemiologik ýagdaý göz öňünde tutulyp, 31-nji dekabr agşamsy "Ylham" seýilgähinde, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada meýilleşdirilen Täze ýyl dabaralary, şeýle hem Aşgabatda we welaýat merkezlerinde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri ýatyrylýar.

şu gün 18:32
102

Google daşky gurşawy aşa hapalaýjylara garşy göreşmek üçin $50 mln gönükdirer

Google kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli daşky gurşawdan «aşa hapalaýjylary» aýyrmak üçin 50 million dollar sarp etmäge borçlandy. Bu barada «Datacenter Dynamics» neşiri habar berýär. Super Pollutant Action başlangyjynyň çäklerinde korporasiýa klimat üçin kömürturşy gazyndan hem has howply bolan metan we ftorly gazlara garşy göreşmäge ünsi jemlär...

şu gün 16:56
928

HBO «Garri Potter» serialynyň täze aktýorlaryny tanyşdyrdy

HBO kompaniýasy «Garri Potter» älemine esaslanýan täze serialda talyplaryň rollaryny janlandyrjak aktýorlary mälim etdi. Tomaşaçylara taslamanyň birinji möwsüminde Hogwarts mekdebiniň dört fakultetinde okaýan gahrymanlar görkezildi...

şu gün 16:48
672

Alymlar ýyldyzly asmanyň 2000 ýyllyk gadymy kartasyny dikeldýärler

Alymlar ýyldyzly asmanyň iň gadymy kartalarynyň birini täzeden dikeltmäge synanyşýarlar. Bu katalog gadymy grek astronomy Gipparh tarapyndan biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda, ýagny teleskoplar peýda bolmazdan has öň düzülipdir diýip çaklanýar...

şu gün 16:13
548

Netflix Ben Afflegiň startapyny satyn alýar

Netflix kompaniýasy kino senagaty üçin emeli aň esasyndaky gurallary işläp taýýarlaýan "InterPositive" tehnologik startapyny satyn alýandygyny yglan etdi. Bu geleşik kompaniýanyň film we serial önümçiliginde neýroulgam tehnologiýalaryny has işjeň ulanmaga bolan ymtylyşyny aýdyň görkezýär...