«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby gruzin dilinde neşir edildi

  • 06.12.2020 18:27
  • 2.6k+

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň gruzin dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, şeýle-de türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Gruziýanyň belli ylmy işgärleri hem-de gruzin KHBS-niň wekilleri gatnaşdy. 
Täze neşiriň tanyşdyryş dabarasynyň barşynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýewiň, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Murjikneliniň, Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti G.Kwesitadzeniň, şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň ylmy işgärleriniň we öňdebaryjy KHBS-niň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.

şu gün 00:03
1.1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
974

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
457

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......