Owganystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

  • 05.12.2020 22:45
  • 4.4k+

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda Türkmenistanyň Owganystan boýunça Ženewa Konferensiýasynda owgan tarapyna goldaw bermäge işjeň gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, munuň özi ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň nobatdaky subutnamasydyr.

«Dostlukly ýurtlaryň we halkara hyzmatdaşlaryň goldaw bermegi netijesinde, Owganystanyň, COVID-19 ýokanjyna garamazdan, bu taryhy konferensiýany üstünlikli geçirmegi başarandygyny bellemäge şatdyryn.
Soň­ky 20 ýylyň dowamynda dünýä bileleşiginiň goldaw bermeginde Owganystan ýurdy dikeltmekde hem-de hemişelik parahatçylygy berkarar etmek, adam hukuklaryny we demokratik gymmatlyklary goramak, döwletiň Konstitusiýasyny berjaý etmek, şeýle hem owgan tarapynyň degişli ýörite topary döretmegi bilen, korrupsiýa garşy göreşmek ýaly ugurlarda wezipelerini ýerine ýetirmekde ägirt uly üstünlikleri gazandy» diýlip hatda bellenilýär.

Hatyň ahyrynda Owganystanyň Prezidenti türkmen Liderine berk jan saglyk, uly üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
866

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......