Owganystanda türkmen tarapynyň ýardam bermeginde gurlan metjit açyldy

  • 05.12.2020 13:32
  • 15k+

4-nji dekabrda Owganystanyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly goldawynyň nyşany hökmünde gurlan metjidiň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, açylyş dabarasyna Türkmenistanyň baş müftüsi Ý. Hojagulyýewiň ýolbaşçylygynda wekilçilikli wekiliýet gatnaşdy we onuň düzümine Türkmenistanyň OYR-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H. Öwezow, Türkmenistanyň OYR-nyň Mazary-Şarif şäherindäki Konsuly B. Käbäýew, ýurduň Mary we Lebap welaýatlarynyň baş ymamlary hem-de türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri girdi.
Owgan tarapyndan açylyş dabarasyna OYR-nyň Haj we dini meseleler boýunça ministri Mohammad Kasym Halimi, Farýab welaýatynyň häkimi Nakibulla Faýyk, Jowuzjan welaýatynyň häkimi Lotfullah Azizi, ýokarda görkezilen ministrligiň we OYR-nyň DIM-niň Mazary-Şarif şäherindäki wekilhanasynyň wekilleri, Andhoý etrabynyň hem-de Akina şäherçesiniň pudak edaralarynyň we döwlet gulluklarynyň wekilleri, şeýle-de bu welaýatlarda ýaşaýan köpsanly türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň noýabrynda 500 orunlyk metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Bu karar Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy, şol sanda doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi üçin Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän goldawyň çäklerinde kabul edildi.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......