UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi

  • 02.12.2020 12:31
  • 9.7k+

UEFA resmi saýtynda ses berlişigi işe girizdi, onuň jemi boýunça ýylyň topary kesgitleniler. Ses berlişik ýanwar aýyna çenli dowam eder. Ýylyň toparyna 11 oýunçy girer. Bu barada championat.com habar berýär.

Dalaşgärleriň sanawy 50 oýunçydan ybarat:
derwezebanlar – Alison Beker (“Liwerpul”), Antoni Lopeş (“Lion”), Keýlor Nawas (“Pari Sen-Žermen”), Manuel Noýer (“Bawariýa”), Ýan Oblak (“Atletiko”);
goragçylar – Dawid Alaba, Alfonso Dewis, Ýozua Kimmih (ählisi – “Bawariýa”), Trent Aleksander-Arnold, Endrýu Robertson, Wirjil wan Deýk (ählisi – “Liwerpul”), Anhelino, Deotşankýul Ýupamekano (ikisi hem – “RB Leýpsig”), Huan Bernat, Presnel Kimbembe (ikisi hem – “PSŽ”), Matteýs de Ligt (“Ýuwentus”), Stefan de Wreý (“Inter”), Hans Hatebur (“Atalanta”), Serhio Ramos (“Real”), Týago Silwa (“Çelsi”);
ýarym goragçylar – Týago Alkantara, Jordan Henderson (ikisi-de – “Liwerpul”), Ussem Auar (“Lion”), Ewer Banega (“Al-Şabab”), Nikolo Barella (“Inter”), Kingsli Koman, Leon Goreska, Tomas Mýuller (ählisi – “Bawariýa”), Kewin de Brýoýne (“Mançester Siti”), Brunu Fernandeş (“Mançester Ýunaýted”), Alehandro Gomes, Ýosip Iliçiç (ikisi hem – “Atalanta”), Kaý Hawers (“Çelsi”), Markinos (“PSŽ”), Marsel Zabitser (“RB Leýpsig”);
hüjümçiler – Erling Holand (Dortmund “Borussiýasy”), Anhel Di Mariýa, Kilian Mbappe, Neýmar (ählisi – “PSŽ”), Žoau Feliş (“Atletiko”), Serž Gnabri, Robert Lewandowski (ikisi-de – “Bawariýa”), Çiro Immobile (“Lasio”), Harri Keýn (“Tottenhem Hotspur”), Romelu Lukaku (“Inter”), Sadio Mane, Mohamed Salah (ikisi-de – “Liwerpul”), Lionel Messi (“Barselona”), Kriştianu Ronaldu (“Ýuwentus”), Rahim Sterling (“Mançester Siti”).

şu gün 22:55
369

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

şu gün 17:52
1.7k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

şu gün 15:58
6.5k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 14:40
2.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....