Türkmen himiýaçy-alymlary özboluşly lukmançylyk serişdelerini döredýärler

  • 02.12.2020 06:01
  • 9k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty ýurdumyzyň himiýa senagatyna dünýäniň iň ýokary nusgalary bilen mynasyp bäsleşik edip bilýän täze önümleri ornaşdyrmak boýunça ylmy-tehniki meseleleri çözýär.

Häzirki döwürde himiýa institutynyň hünärmenleri özboluşly lukmançylyk serişdelerini döredýärler hem-de önümleriň ekologiýa ulgamyna we onuň önümçiliginde galyndysyz pudagyň emele gelmegine möhüm üns berip, täze görnüşli serişdeleriň önümçiliginiň tehnologiýasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýarlar.
Gowaça çigidini peýdalanmak arkaly biologiýa taýdan möhüm serişdeleriň ýagly kislota esasynda birleşmesini aldylar we bakterisid aýratynlygy bolan ýod saklaýan elementleri ýüze çykardylar.
Ösümlikleriň, adam saglygy üçin peýdaly minerallaryň bejerijilik ukybyna hiline geçirilen seljermeler ýurdumyzyň derman senagatynda derman serişdeleriniň we önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.
Ösümlikleriň utgaşmagynyň esasynda bakteriýalara garşy ulanylýan “ýodomal” serişdesini öndürmek ýaly täze ugry taýýarladylar. Ylmy barlaglar Merkezi Aziýada ýeke-täk bolan “Suw. Toprak. Howa” göçme barlaghanasynda geçirildi. Ol KAMAZ awtoulagynda enjamlaşdyryldy.
Umuman, bu barlaghana dürli ugurlar boýunça möhüm ylmy barlaglary geçirmäge, çylşyrymly tejribe meselelerini çözmäge ukyply ylmy meýdança hasaplanylýar. “Ýodomal” serişdesi bilen türkmen hünärmenleri adaty ýeralmanyň düzümine barlag geçirenlerinde onda ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän poliwinilspirtiň ornuny tutýan serişdäniň bardygyny ýüze çykardylar.
Himiýaçylaryň barlaglary netijesinde ýokarymolekulýar birleşme alyndy. Ol aýratynlygy boýunça poliwinilspirtinden pes bolmadyk azyk krahmalyny ergin görnüşe getirmek arkaly alynýar. Barlaglar türkmen hünärmenleriniň sintezirlän serişdeleriniň ýoduň adam bedenine bolan gatnaşyklaryny uzaldýandygy, şeýle hem bedende gyjynma döretmeýändigi bilen artykmaçdyr.
Şeýle hem ýerli çig mallar peýdalanylanda bu serişdäniň daşary ýurtlardan getirilýän görnüşinden birnäçe esse arzan düşýändigini bellemeli. Taýýar bolan serişde öz ähmiýetini ýarym ýylyň dowamynda saklaýar.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde geçirilen barlaglarda “ýodomalyň” bakteriýalara garşy häsiýetleri tutuş dünýäde giňden ulanylýan ýodonoluňky bilen deň derejededigi anyklandy.

düýn 23:18
395

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
317

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5.1k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....