Türkmenistanda Bitaraplyk mynasybetli pudaklaýyn sergiler açyldy

  • 01.12.2020 14:36
  • 5.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky iş maslahatynda wise-premýer Ç.Gylyjow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň ýaýbaňlandyrylandygy, aýratyn-da, şanly sene mynasybetli 1-12-nji dekabr aralygynda pudaklaýyn sergileri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilendigi barada hasabat berdi.

Sergide her pudagyň gazanan üstünlikleri, şol sanda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda önümçilige täzeçil tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça gazanylanlar, Diýarymyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply dürli önümleriň nusgalary görkeziler.
Şeýle hem wise-premýer dekabr aýynyň 10-na ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň baýramçylyk sergisini guramak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Sergide ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyndan, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, dürli ekerançylyk we maldarçylyk önümleri görkeziler.
Şanly sene mynasybetli guralýan gözden geçiriliş Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi, ýerli çig mallary özleşdirmegiň esasynda gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyň düşünje almaga hem mümkinçilik berer.

şu gün 00:03
1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
935

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
457

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......