Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 69- sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-niň we Owganystanyň täjirleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri, ýokary dykyzlykdaky polietileni bolsa Russiýanyň we Türkiýäniň işewürleri satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna elde dokalan haly, boýalan tüýjümek önümler, nah ýüplük we nah mata, jinsi mata ýerlenildi. Olary Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň täjirleri satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 47 million 697 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Gazagystanyň we Ermenistanyň täjirleri nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 25 million 402 müň manatlykdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 40 million 19 müň manatlykdan gowrak ýük awtoulagyny we pagta süýümini satyn aldylar.