BSGG pandemiýada fiziki işjeňlik bilen bagly maslahatlaryny täzeledi

  • 29.11.2020 12:57
  • 4.5k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hünärmenleri koronawirus pandemiýasyny göz öňünde tutup, fiziki işjeňlik kadalaryna degişli öň ýaýradylan görkezmeleri üýtgetdiler. Täze görkezmelerde hem ulular, hem çagalar üçin yzygiderli işjeňligiň ähmiýeti bellenilip geçilýär. Bu barada versia.ru habar berýär.

BSGG dünýä ilatynyň işjeňliginiň has ýokary bolmagy bilen, ýylda ölüm sanynyň 5 mln adama çenli azalyp biljekdigini belleýär. BSGG-niň täze gollanmasynda häzir köp adamlaryň öýünde galmaga we işjeňlik derejesine az ähmiýet bermäge mejbur bolýandygy görkezilýär. Şeýle-de bolsa, hünärmenleriň pikiriçe, islendik ýaşdaky we dürli ukyply adamlar özlerine laýyk fiziki işjeňligiň görnüşlerini saýlap bilýär.
BSGG-niň täze görkezmelerine laýyklykda, ulularyň ählisine, şol sanda hroniki keselli ýa-da maýyp adamlara hepdede, takmynan, 150-300 minut orta depginli fiziki işjeňlik bilen meşgullanmak maslahat berilýär. Çagalara we ýetginjeklere her gün ortaça 60 minut orta we ýokary depginli aerobika maşklaryny ýerine ýetirmek maslahat berilýär.
Gurama garry adamlar üçin (65 ýaşly we ondan ýokary) deňagramlylygy gowulandyrýan, ýykylmakdan goranmak üçin myşsalary berkitmäge kömek edýän maşklar bilen işjeňligi baýlaşdyrmagyň möhümdigini düşündirýär.
BSGG ýöräp, welosiped sürüp, tans edip, oýnap, arassalaýyş işleri bilen meşgullanyp we bag işlerini edip bolýandygyny belleýär. Ýagny, islendik fiziki işjeňlik ähmiýetlidir.
BSGG-niň görkezmelerinde ýürek-damar ulgamy keselleriniň öňüni almakda we bejermekde, şeýle-de 2-nji görnüşli süýji keselini we rak keselini bejermekde yzygiderli fiziki işjeňligiň örän möhümdigi aýratyn nygtalýar.

düýn 12:32
4.3k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.4k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......