Türkmen banklary karz almak üçin arzalary uzak aralykdan kabul edip başlarlar

  • 29.11.2020 13:48
  • 11k+

Wise-premýer G.Müşşikow banklar tarapyndan ýurdumyzyň raýatlaryna karzlary resmileşdirmegi sanly ulgam arkaly ýerine ýetirmek baradaky teklibi Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Muňa laýyklykda, karz edaralaryň resmi internet web-saýtlarynda karz almak boýunça bölümçe döredilip, raýatlara karz almak üçin arza bilen ýüz tutmak mümkinçiligini döretmek hem-de arza berlende karzyň görnüşine laýyklykda, talap edýän maglumatlary girizmek teklip edilýär.
Girizilen maglumatlar we ýerleşdirilen resminamalar awtomatiki usulda barlanandan soňra, ýüz tutan raýata karz edarasyna barmaly wagty we gerek bolan resminamalaryň sanawy barada maglumat berilýär.
Bu hyzmatyň ornaşdyrylmagy bilen, karz edaralarynda nobatlaryň azalmagyna, karz bermek işleriniň dessinliginiň üpjün edilmegine, karz edaralarynyň hünärmenleriniň hem-de müşderileriň wagtynyň tygşytlanylmagyna ýardam berer.
Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, elektron görnüşinde bank hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti barada ilatyň arasynda düşündiriş işlerini geçirmegi tabşyrdy.

 

şu gün 01:20
1.1k+

Daşary işler ministrligi ukrain teleýaýlymynda Türkmenistan barada berlen ýalan habar boýunça ýazgarma bilen çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistan barada ýaýradylýan maglumatlar bilen baglylykda beýannama bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň...

düýn 17:16
2.4k+

ABŞ ýokarlandyrylan gümrük paçlarynyň güýje girizilmegini awgusta çenli yza süýşürdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp daşary ýurtlardan getirilýän harytlara salynýan gümrük paçlarynyň wagtlaýyn togtadylmagyny 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli uzaltdy. Bu barada Ak tamyň resmi web sahypasynda habar berilýär...

düýn 11:38
1.9k+

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

düýn 10:12
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...