Türkmenistanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň sanawynda 3 setir aşak düşdi

  • 28.11.2020 18:50
  • 8.8k+

FIFA saýtynda milli ýygyndy toparlaryň sanawyny täzeledi. Täzelenen sanawda Türkmenistanyň milli ýygyndysy üç setir aşak düşüp, 132-nji orny eýeledi. Häzirki wagtda milli ýygyndymyz 1107 utuk toplap, Gwatemala bilen Ruandanyň arasynda ýerleşýär.

Sanawda öňdeligi, öňküsi ýaly, Belgiýa eýeleýär. Häzirki dünýä çempiony fransuzlar bolsa ikinji ýerde. Olardan aşakda Braziliýa, Angliýa, Portugaliýa, Ispaniýa we beýleki toparlar bar.
Sanawda 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bäsdeşleri aşakdaky ýerleri eýeleýärler: Koreýa Respublikasy - 38-nji ýer, Liwan - 92-nji ýer, KHDR - 115-nji ýer, Şri-Lanka - 206-njy ýer.
Ýeri gelende bellesek, şu ýyl Türkmenistanyň milli ýygyndysy hiç hili resmi oýunlara gatnaşmady we indi gatnaşyp ýetişmez. Çünki, Hytaýda geçiriljek Aziýa kubogy-2023 we Katarda geçiriljek dünýä çempionaty-2022 üçin saýlama ýaryşlary 2021-nji ýyla yza süýşürildi.

düýn 20:34
1.6k+

Astanada geçiriljek üçünji «Geljegiň oýunlarynyň» seneleri belli boldy

2026-njy ýylda Astanada meýilleşdirilen «Geljegiň oýunlary» 29-njy iýuldan 9-njy awgust aralygynda geçiriler. Bu barada fijital-sport ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär. Oýunlaryň maksatnamasyna sekiz sany...

düýn 12:10
9.6k+

Eýranyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmaz. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň sport ministri Ahmad Donýamali TV2 teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi. Bu karar syýasy ýagdaýlar bilen baglanyşyklydyr...

düýn 11:16
5.4k+

ÇL-nyň 1/8 finaly: Walwerde 3:0 «ManSiti», «PSŽ» Kwarasheliýanyň kömegi bilen «Çelsini» ýeňdi

12-nji marta geçilýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň galan dört duşuşygy geçirildi.  Bu oýunlarda «Real Madrid», «Pari Sen-Žermen» we «Budýo-Glimt» ýeňiş gazandy, «Baýer» bilen «Arsenal» deňme-deň oýnady...

11.03.2026 18:54
7.3k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...