«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby Ýaponiýada tanyşdyryldy

  • 27.11.2020 17:57
  • 2.7k+

26-njy noýabrda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon dilindäki terjimesiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Dabara Ýaponiýanyň Parlamentiniň, Daşary işler, Söwda we senagat, Adalat ministrlikleriniň, şeýle hem Ýaponiýanyň Liberal demokratik partiýasynyň, JETRO we JECO guramalarynyň hem-de ýapon ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi çykyş etdi.
Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekilleri bu eseriň gymmatyny bellemek bilen, ýapon okyjylarynyň hem-de Türkmenistana gyzyklanma bildirýän islendik adamyň, siwilizasiýanyň ösüşine wajyp goşant goşan türkmen halkyna mahsus häsiýetlere hem-de halkyň däp-dessurlaryna anyk göz ýetirip biljekdiklerine çuňňur ynam bildirdiler.

düýn 20:12
2.6k+

Twitter-iň döredijisi internetsiz işleýän Bitchat atly messenjeri işe girizdi

Twitter bilen Bluesky-yň esaslandyryjylaryndan biri bolan Jek Dorsi internet baglanyşygy bolmasa-da işleýän merkezleşdirilmedik Bitchat atly täze messenjeriň beta wersiýasyny hödürledi. Goşundy hatlary enjamlaryň arasynda geçirmek üçin Bluetooth Mesh tehnologiýasyndan peýdalanýar...

düýn 19:57
2.6k+

Artist Gallery Awards 2025 foto bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Artist Gallery Awards 2025 foto bäsleşiginiň emin agzalary ýaryşda ýeňiş gazanan fotosuratlaryň adyny mälim etdiler. Bäsleşige gatnaşan suratlar tebigatyň gözelligini we dartgynly pursatlaryny özünde jemleýär. Her bir surat haýwanat dünýäsinden özboluşly wakany beýan edýär, şol sanda jandarlaryň durmuşyndaky şatlykly, kynçylykly, dartgynly ýa-da howsalaly ýagdaýlary açyp görkezýär...

düýn 19:53
2.1k+

“Dýunanyň” üçünji bölümi düşürilip başlandy. Filmiň resmi ady yglan edildi

Legendary studiýasy “Dýunanyň” üçünji bölüminiň düşürilip başlanandygyny habar berdi. Deni Wilnýowyň ylmy-fantastiki wakasynyň üçünji filmi “Dýuna: Üçünji bölüm” (Dune: Part Three) adyny aldy. Taslama bu at bilen kino auditoriýasy barada maglumatlary ýygnamak we seljermek bilen meşgullanýan Rentrak analitiki kompaniýasynyň bazasynda peýda boldy...

düýn 19:37
796

“Garfild kinoda” multfilminiň dowamy çykar

Sony Pictures we Alcon Entertainment kompaniýalary “Garfild kinoda” multfilminiň dowamyny taýýarlamak işleriniň başlanandygyny habar berdi. Gürleýän pişige ýene-de Kris Pratt ses berer. Multfilmiň dowamyny düşürmek işleri birinji bölüm çykandan bir ýyldan gowrak wagt soň tassyklandy...